Milli bilim ulgamynda innowasiýalaryň we sanly ugurlaryň ornaşdyrylmagy, ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegi ýaşlaryň ýokary intellektual ösüşiniň üpjün edilmegine hem-de dünýä jemgyýetçiligine ynamly goşulyşmagynyň şertlerini döretmekde möhüm orun eýeleýär.
Milli ykdysadyýetimizde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, ýaş hünärmenleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, olaryň daşary ýurt dillerinde tejribe geçip bilmekleri, özara gatnaşyklary ýola goýmak ukybyny artdyrmagy netijeli häsiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda edýän atalyk aladalary örän buýsandyryjydyr.
Jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň aglaba köpüsinde bolşy ýaly, bellibir hukuklardan peýdalanmak, ýagny bilim almaga bolan hukugy amala aşyrmak hökmany ýagdaýda borçlary berjaý etmek zerurlygyny hem ýüze çykarýar. Çünki döwletiň we jemgyýetiň ýaşlary terbiýelemäge, çagalaryň bolelin, asuda, parahat hem agaýana ýaşamagy üçin döredýän şertlerine jogap hökmünde, ýaşlaryň öňünde-de birnäçe wajyp wezipeler durýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni täze okuw ýylyna badalga berdi, ýüzlerçe ýaşlar öz arzuwlarynyň yzyna eýerip, saýlan ugurlarynda bilim almak, hünär öwrenmek mümkinçiliklerine eýe boldular. Nesip bolsa, bu gün bilimler dünýäsiniň altyn gapysyny açan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişerler.
Biz, talyp ýaşlar geljekde saýlap alan hünärimiziň eýesi bolup, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň Milli Lideriniň belent ynamyny ödäp, berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşarys. Bizi şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlar kalbymyzyň senasydyr.
Akmuhammet Temirow,
Jçeri işler mnistrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.