Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik okuw sapaklaryny geçýärler. Bu okuw-önümçilik tejribeliginde talyplar hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Ýakynda, ýokary okuw mekdebimiziň “Mehanika-tehnologik” fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary bilen Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler. Bu ýerde talyplar senagatda ulanylýan çylşyrymly ýylylyk we energiýa desgalarynyň işleýiş düzgünlerini, olaryň shema aýratynlyklaryny, elektrik energiýasyny öndürmekligi, ony ulanyjylara ýetirmekligi we ulanmaklygy, olara degişli ähli elektrik enjamlary we olaryň gurluşy we birikdirilişi barasynda maglumatlary aldylar.
Bu geçirilen göçme tejribelik okuw, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.