“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sygar astynda Akyldar şahyrymyzyň şahyrana döredijiligi boýunça institutymyzyň talyplarynyň arasynda kafedramyzyň mugallymlary tarapyndan ýörüte seminarlar geçirildi. Seminarlarda “Magtymguly Pyragynyň filosofiki garaýyşlary”, “Magtymguly we onuň zamanasy”, “Magtymguly Pyragynyň döredijilinde taryhy şahsyýetler”, “Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň döwletlilik ýörelgeleri” ýaly temalardan ýörüte çykyşlar gurnaldy. Seminarlarda dana şahyryň filosofiki, döwletlilik ýörelgeleri, ynsanperwerlik, watançylyk, ahlak, mertlik, edermenlik ýaly häsiýetleri ýaşlada terbiýelemek ýaly meseleler göz öňünde tutuldy.
Seminarlarda talyplarymyz nusgawy şahyrymyzyň şygyrlaryny ýatdan aýytmak, labyzly okamak, şygyr, hekaýa hem-de şahyryň eserlerini şahnalaşdyrmak, öz düzen goşgulary bilen çykyş etmek hem-de akyldar şahyrymyzyň eserleri boýunça wideo şekilleri we fonogrammalary taýýarlamak arkaly ýaşlarymyzyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak ýaly maksatlar goýuldy.
Institutymyzyň hormatly rektory tarapyndan yglan edilen, 2024-nji ýylyň mart-maý aýlarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybiýetli “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly akyldar şahyrymyzyň şahyrana dörerdijiligi boýunça fakultetleriň arasynda ýörüte döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Bu döredijilik bäsleşiginde institutymyzyň talyplary akyldar şahyrymyzyň şygyrlary esasynda öz döreden sahnalaryny, çeperçilik eserlerini hem-de wideoşekillerini ussatlyk bilen sergilediler.
Häziki wagtda, döredijilik bäsleşikleriň netijeleri boýunça institutymyz boýunça ýörüte döredijilik topary döredilip, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçiriljek ýokary derejeli baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy göz öňünde tutýarys.