MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNDAKY ÝADYGÄRLIGI

Ine watanymyzyň şeýle şöhratly üstünliklerini ýylyň ýylyna täze şygar bilen garşylamak biziň ýurdumyzda däbe öwrüldi. 2024-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň adybir atlandyrylmagy şahyryň dünýä ýüzünde belent hormat goýulmagydyr. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy  şahyry  Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk höküminde  dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini, onuň döredijiligini suratkeşler dürli eserlerde, heýkeltaraşlar heýkel eserlerinde, kompozitorlar-sazlarda, kinorežisýorlar-kinofilimlerde, ýazyjylar, dessançylar, hatda şahyrlar öz eserlerinde onuň döredijiligine salgylanyp keşbini janlandyrýarlar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Pyragyly ýurt” diýen şygyrynda şeýle beýan edýär.

Ýazlaryndasyň sen, güller sensizmi?

Ýanlaryndasyň sen, günler sensizmi?

Suwlaryň tolkunýar, akarlaryňda.

Gözleriň görünýär, bakanlaryňda.

Owazyňa, ir säheriň oýanýar.

Rowanyňa, pähim paýhas goýalýar.

Sen guwanýaň, bu ajaýyp çaglara,

Şahyr zenan şygyrda bu sözleri ýazmak bilen Pyragynyň arzuwlan döwrüniň gelendigini we türkmen halky öz taryhynda Magtymguly ýaly ussadyň bardygyny buýsanç bilen asmana we zemine deňeýär. Türkmen halky öz ussat atasynyň özünden soňky nesillere galdyran parasatly eserlerini gözüniň röwüşi deýin goraýar, belent derejelere çykarýar. Hat-da ussadynyň adyny “Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi...” diýen ýokary derejeli atlaryny dakmakda peýdalanýar.

Şahyr G. Şagulyýewanyň goşgy setirlerinde şeýle sözler:

Çykyp barýaň gök dereli daglara,

Bezäp, besläp, dana dünýäň mysalyn,

Hasyl eýläp, arzuwlaryň mysalyn.

Hakyň bardyr eşit, ýetip gelmäne.

-diýip, şirin sözleri zybana gelende Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadigärligini dowam edip duran iş pursady göz öňüňde açylýar. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda gurulýar. Heýkeliň kompazisiýasynyň töwereginde seýilgäh zolagy döredilýär. Seýilgäsiň meýilnamasynda ýene-de dünýä döwletleriniň ussat şahsyýetleriniň, ýazyjy şahyrlarynyň, akyldar pelsepeçileriň ýadygärlik heýkeliniň üstünde işlenilýär.

Heýkeltaraşyň pikirine görä Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan ediler. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň ikisine mynasyp bolan Saragt Babaýewiň döreden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň heýkelleri Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýuldy.

Täze heýkeliň taslamasy möçberi we özboluşlylygy bilen haýran edýär. Heýkeli taýýarlamak üçin Änewiň senagat zolagynda üç müň inedördül metrden gowurak ýerde geljekki ýadygärligiň gips gabarasyny taýýarlamak we soňra ony bürünçden guýmak üçin zerur tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ussahanada işlenilýär. 60 metrlik heýkeli döretmekde Saragt Babaýewe hünärmenler topary-ulaldyjylar, demir eredijiler, kebşirleýjiler, krançylar, ulag işgärleri kömek edýärler. Heýkeltaraşyň aýtmagyna görä, äpet heýkeli öz güýçleri bilen guýmak karar edildi. Beýik dananyň heýkelini ýasmak üçin bir müň tonna golaý bürünç harçlanar diýip çaklaýar[5].

Emma beýle diýilse Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda 1971-nji ýylda heýkeltaraş W.W. Papow we binagär W.G. Kutumow bilen W.N. Wysotiniň Magtymguly Pyragynyň seýilgähinde ýadygärlik heýkel eserini ýatlaman bolmaz. Heýkel esasy daşdan we betondan ýonulap daş töweregi suw çüwdürimler bilen bezlen. Bu seýilgäh şäheriň merkezinde ýerleşip oňa barýan myhmanlaryň gelim gidimliligi bile haýran galdyryp, ýylyň ýylyna Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýramçylyk dabaralary geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Pyragyly ýurt, çykdy dünýäge.

Alys asmanda, türkmen baýdagy.

Däldir armanynda, şahyr aýdany .

-diýip, şahyr zenan Gözel Şagulyýewa indi häzirki döwürde akyldar Pyragynyň sözleriniň dünýä ýüzünde gymmatlydygyny beýan edýär.

 Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän Gündogary öwreniji E.E. Bertels şahyry jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmekde çözgüt tapyp bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tandan genial şahyrdyr.

Magtymguly türkmen şahyrlarynyň ençemesiniň halypasydyr. Ol öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyr garagalpaklaryň beýik şahyry Berdak (Berdimyrat 1827-1900 ý.ý.) hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada “Yzlardym men” diýen goşgusynda şeýle ýazýar:

Magtymgulyny men okap,

Sözlerini etdim togap.

Kemi barmy beriň jogap?

Şol şahyry yzlardym men.

Türkmen halkynyň medeni mirasyna, beýik şahsyýetlerine, nusgawy şahyrlaryna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýüzüne ýaýmakda uly tagallalar edýär.  Şahyryň ömür ýoluna we döredijiligine goýulýan uly sarpa dünýä döwletleriniň iri şäherlerinde öz heýkelleri bilen mynasyp bezelýändigi hem munuň aýdyň mysalydyr.

  • Olardan Ukraina döwletiniň Kiýew Şäherinde türkmen heýkeltaraşy S. Artykmämmedow bilen ýerli binagäri W. Skulskiýniň bilelikde bürünç we mermer materialyndan taýýarlan Magtymgulynyň  heýkeli;
  •  Russiýa federasiýasynyň Astrahan şäherinde Astrahan döwlet uniwerstitetiniň öňünde ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň sowgatlyk beren Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy;
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmetkowus şäheriniň girelgesindäki meýdançada akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dabaraly açylmagy belärliklidir;
  • Hat-da Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzýoýew bilen bilelikde Taşkent şäheriniň merkezi köçesinde Horezm şäherinden ýaş heýkeltaraş Jaswant Annazarowyň döreden akyldar şahyr Magtymgulynyň barelýef ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

 Bu hem nusgawy şahyryň arzuwlan türkmen halkynyň agzybir-jebis döwrüniň gelip, indi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin dünýä ýüzünde dostluk doganlyk ýollarynyň gurup, dünýä halklaryna rowaçlyk paýlaýandygyny aýdyň äşgär edýär.  Şu pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman il ýurt bähbitli tutýan işleri rowana ýollarda rowaç bolsun.

                                                                                                                                                                                                                                       

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň

mugallymy Toşşyýewa Jennet Döwranowna

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby

Toşşyýewa Oguljahan Döwranowna