Hemmämize mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalary, toý-baýramly seneleri buýsanjyňa buýsanç goşýar. Bu şanly ýylda türkmeniň akyldar şahyry, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, Berkararlygyny, asudalygyny, parahatçylygyny, halkymyzyň agzybirligini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny arzuw eden Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaralanýar.
Ýakynda Aşgabat şäheriniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan güniň 300-ýyllygy mynasybetli «Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr»atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygyň dowamynda institutyň kitaphana işgärleri hem çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda bagtyýar türkmen halkynyň bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda Berkarar döwletde ýaşaýandygy, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Kitaphana işgärleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda täze taryhy döwrümizde Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine goýulýan çäksiz sarpa, beýik söz ussadynyň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerini wasp edýän pelsepewi eserleriniň gymmaty dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlygyň görülmegi aýratyn guwandyrýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi diýip bellediler.
Döredijilik duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy dünýä tanatmak, akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.