Magtymguly Pyragy - şygyrýet äleminiň çyragydyr

      Türkmenistan  öz  garaşsyzlygyny  alandan  soň  Magtymgulynyň  döredijiliginiň  öwrenilmegi üçin giň ýol açyldy. Magtymgulynyň eserleri dolulygyna birnäçe gezek neşir edilip, halka ýetirildi. Gazet-žurnallarda Magtymgulynyň döredijiligi barada  ýüzlerçe makalalar çap edildi. Ýurdymyzda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan Ylmy maslahatlar geçirildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmegine giň ýol açyldy.Halk bilen bir jan-bir tenlik şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr. Halkyň güni näçe kyn hem bolsa, ondan aýrylyp, durmuşyň asuda ýerine gitmek ýa öz halkyňy  nämedir  bir zatlarda aýyplamak, peseltmek beýiklik bilen bir ýere sygyşmaýar. Muny Magtymguly ,,Namart aýyp gözlär dogan ilinden” diýip, ýeke setirde kesgitläpdir.Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň hyzmatynda goýýar.

       Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, öwüt- nesihat, söýgi, terbiýeçilik halkylyk, agzybirliik-jebislik, edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet ýaly tenalara uly orun berilýär. Şahyryň ,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna nesihat.Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew goşgularyny okamak ýeterliklidir.  Häzirki  zaman ylmy  tarapyndan  hödürlenýän, maslahat berilýän  nesil  terbiýesi Magtymguly Pyragynyň  goşgularynda  örän  düşnükli,  sada  dilde  beýan  edilendir. Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi  onuň  şygyrlarynyň  ýolumyza  nur  çaýýandygy  bilen  baglanşyklydyr.

     Goý, bagtyýarlyk  döwrümiziň  her  bir  güni Pyragynyň  şygyrlary  ýaly  owadan  hem  manyly  bolsun.Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.


                                     

                                     “Magtymguly, garyp göwnün baý edip,

                                       Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,

                                       Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

                                       Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”


diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.


Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:

                                        “Daýym unutmaz men tylla gapysyn,

                                         Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”a


diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”,  okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.  

         Ýaşlar goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.  

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

 

Annasoltan BEGENJOWA,

Ulaglar fakultetiniň

 Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.