"MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR" atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Alnyndan ak Gün  dogup, ykbaly göterilen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2024-nji ýylda taryhda yz goýan Gündogaryň, türkmen halkynyň Beýik akyldar şahyry Magtymguly  Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýurdumyzda  dabaraly bellenilip geçiler. Ynha bu günler hem şol baýramçylyk  dabarasyna uly taýýarlyk işlerigeçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldar şahyra goýýan belentsarpasy döwlet derejesindäki, halkara möçberindäki çäreleriň çäklerinden hem has belentde durýar. Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mejlisler jaýynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda  «Magtymguly diýip adym tutsalar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa mugallymlar, myhmanlar we talyplar gatnaşdylar.

 Çäräniň dowamynda mejlisler zalynyň foýesynda "Magtymguly Pyragynyň iň owadan keşbi" atly suratkeşleriň bäsleşigi geçirildi. Şeýle-de, talyplar türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda ýazan goşgularyny çeper okadylar. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda institutyň kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň we ol baradaky edebiýatlaryň gurnalan  kitap sergileri gurnaldy we kitaplara syn bermek dabarasy gurnaldy.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öz döwrüniň, häzirki döwriň şahyrlaryna nusgalykdyr. Üstünden asyrlar geçse-de, onuň döreden ajaýyp eserleri gyzylyň garyndysy ýaly,  barha lowurdap, öwşün atýar. Sebäbi  şahyryň şygyrlarynda türkmen diliniň şirinden – şirin, manyly, keremli sözleri, çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşy nusgalykdyr. Hakykatdan hem, şahyryň ady  gyzylyň gyryndysyna barabar goşgulary il kalbynyň töründen orun aldy. Çünki Milli Liderimiziň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda belleýşi  ýaly, “Magtymguly – ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr”. Türkmen halky Pyragynyň parasat goruny, püre-pür kämil paýhasyny kalbynyň töründe nagyşlap, diliniň senasyna öwürýär. Şahyryň nesillere nusgalyk şygyrlaryny halkymyz mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Sebäbi ol şygyrlarda bütin türkmen halkynyň mizemez milli ruhy bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Özüni Magtymgulynyň şägirdi hasaplan şahyrlaryň hem çykyşynda beýan edişleri ýaly şahyryň eserleri häli bugünem  her bir öýüň törüni bezeýär. 

Şu döredijilik duşuşygy ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar dana şahyryň döredijiligi barada giňişleýin söhbet edip, şahyryň goşgularynyň birnäçesini çeper okaýyşda ýerine ýetirdiler. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, institutyň talyplary tarapyndan taýýarlanan "Magtymguly Pyragynyň iň owadan keşbi"  atly suratkeşleriň surat eserleriniň görkezilmegi duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy dünýä tanatmak, akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy