Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag-logistiki düzüminiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolsa zerur meseleleriň hatarynda durýar.
2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek “Logistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçirildi.
Internet bäsleşigi 10 sany ýokary okuw mekdebinden 81 talybyň gatnaşmagynda geçirilip, bu bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşdy.
Internet bäsleşiginde talyplar ýokary netijeler görkezip, degişlilikde baýrakly orunlaryň 30-syna, ýagny 7-si – birinji orna, 10-sy – ikinji orna, 13-si – üçünji orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Logistika” dersi boýunça geçirilen internet bäsleşigine gatnaşan talyp ýaşlar bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde:
I orna - Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Oguljennet Garaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Nazar Seýidow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Aýnazar Berdiýew we Aköýli Tülemedow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Gunça Akmämmedowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Berkdöwlet Batyrow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Begli Aşyrmedow;
II orna - Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Gowşut Akmyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Enejan Ojykowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Oskar Gulatarow we Merdan Ataýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Serdar Alimow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Aýnur Akmyradowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Şasoltan Rustamowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Berdiniýaz Döwrankulyýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Nurýagdy Haýydow, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Arslan Şaimow;
III orna - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kerwen Myradow, Derýa Karataýew we Magtymguly Mämmedow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Hoşgeldi Toryýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Bärna Kurambaýewa we Berdimyrat Berdiýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Bagtyýar Baýryýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Perhat Kişikow we Arslan Berdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýazgül Myratgeldiýewa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Guwançmyrat Orazklyçew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Medine Seýidowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Aziza Bahadyrowa baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Şeýle bäsleşikleri geçirmäge we ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmaga giň mümkinçilikleri açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, janlary sag, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara we üstünliklere beslensin.
Annagurbanowa bahar Kakaýewna
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy,
ykdysady ylymlaryň kandidaty