Halk arasynda uly söýgä we islege mynasyp bolan keşdeçilik senediniň gözbaşy müň ýyllyklara uzaýandyr. Keşdeler diňe bir önki döwürleriň medeniýetiniň, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän , eýsem ene-mamalarmyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýändir. [1-4]
Keşdeçilik senediniň nagyşlarynda her bir halkyň ussatlygy, milli özboluşlylygy we dünýägaraýyş aýratynlyklary şöhlelenýär. Hytaýda ýüpek matanyň öndürilip başlanmagy bilen, ýüpek matadan tikilen geýimleriň üstüne kümiş we altyn çaýylan sapaklardan nepislik bilen dürli nagyşlar keşdelenipdir. Ilki halylary we bezeg pannolary, soň-soňlar geýimleri ösümlikleriň we guşlaryň şekilleri salnan keşdeler bilen bezelipdir. Soňlugy bilen hytaý keşdeçilik senedi ýaponlaryň medeniýetine hem ornaşypdyr. Gadymy hindi we eýran halklarynyň keşdeçilik senedindäki nagyşlar ösümlikleriň, haýwanlaryň we dürli sahna žanrlarynyň sýüžetleri bilen baýlaşdyrylandyr. Gadymy Hindistanda zygyr ösdürilip ýetişdirilmegi bilen ondan mata dokalyp soň ol keşdelenilipdir.
Ýüň, ýüpek, altyn, kümiş, dür, hünji, merjen, reňkli daşlar we teňňeler bilen bezelen keşdeleriň dürli görnüşli nagyşlary saklaýan keşdeçilik sungaty gadym döwürlerden bäri biziň günlermize ýetip gelendir.[5]
Keşdeçilik türkmen halk sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol türkmen gelin –gyzlarynyň durmuşynda giňden ýaýrapdyr. Türkmen gelin –gyzlarynyň keşde çekmekde öz hususy usullary bar. Onuň ýokary hilli nusgalaryny iňňän zehinli zenanlaryň örän sazlaşykly mazmuna baý bolan we ýerine ýetirilişi boýunça kössüz görnüşleriniň ýagdaýynda gazanylýar. Keşdeleriň ediliş usullary boýunça basma, gaýma, el keşde, kanwa, pugtama, küjeme ýaly görnüşleri bar. Ussat zenanlar adatça sapagyň birnäçe görnüşlerinden iki öwüşgünli-gyzyl, sary, ak, goňur reňkleri peýdalanypdyrlar. Reňkleriň bu ýörgünli görnüşleri işleriň ajaýyp ýerine ýetirilişiniň şertleriniň aýratynlygyň täsirliligini döretmäge mümkinçilik beripdir. Reňkleri bolsa zenanlarmyz naryň, hozuň, sogan gabyndan alypdyrlar.Tebigat we tebigy baýlyklardan peýdalanmak barada Gahryman Arkadagymyz: “Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç, onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň ählimizi daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär” - diýip belleýär.
Keşdeçilikde ulanylan “teg bent”, “gülýaýdy”, “çaňňa”, “çigildem güli”, “goçak” ýaly nusgawy nagyşlar häzirki zaman lybaslarmyzy bezemekde uly ähmiýete eýedir.[6] Şol nagyşlaryň her biriniň aýratyn döreýiş taryhy rowaýatlary bar. Tegbent- tegelek bent diýen sözden gelip çykyp, gözden dilden goraýar we tahýalara, çabytdyr donlara salynýar.
Gahryman Arkadagymyz "Arşyň nepisligi" atly mazmunly, owadan bezegli kitabynda türkmen zenanlarynyň naýbaşy sungaty hasaplanýan halyçylyk hakynda täsirli söhbet edilýär. Halyçylyk sungatynyň döreýşi heňňamlaryň dowamynda ene-mamalarymyzyň bu sungaty kämilleşdirişi, bu günki gün türkmen halysynyň şöhratynyň gaýtadan dünýä doluşy hakda anyk maglumatlara, ylmy delillere daýanyp edilýän söhbetleriň hiç biri okyjynyda biparh goýmajakdygyna ynanýarys. Milletiň kalbynyň täsin nagşy bolan keşdeçilik, halyçylyk sungatyny gorap saklamak ýurduň diňe bir ykdysadyýeti üçin däl, eýsem milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegini nesilden-nesile geçirmek üçin hem diýseň uly ähmiýete eýedir.
Täsin nagyşly türkmeniň el işleri müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, durnukly häsiýete we milli aýratynlyga eýe bolmagynda we häzirki “Halkyň Arkadagly zamanasy” döwürde sanly ulgamlaryň üsti bilen kompýuter maşynlarada döwrebaplaşdyrylan görnüşde hem ýerine ýetirilýär. Ýaş neslimiziň sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy nagyşlaryň dürli görnüşlerini sanly ulgamda çyzyp, halkyň isleglerini kanagatlandyrmaga şertler bar.
Nesil aladasy geljege edilen buýsançly ädim, bagyyýar geljegimize goşulan taýsyz
goşantdyr. Sagdyn, ruhubelent, iş başarjaň, dogumly, edep - ekramly nesilleriň ýöre-
jek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar.
Oguljan Aýnazarowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy,