Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilim portalynyň orny

Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu Maksatnamada uly orun berlendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ylym, bilim özgertmeleriniň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda döredilen sanly bilim portalydyr.

 Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynda sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi hem-de onuň binýadynda taýýarlanylan bu bilim portaly uly ähmiýete eýedir. Ýokary okuw mekdepleriň hünärmenleriniň, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda döredilen sanly bilim portaly talyp ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna ýakyndan ýardam berýär. Ondan içgin peýdalanýan talyplar özleriniň nazary okuwlarynda alýan bilimlerini has-da çuňlaşdyrýarlar.  2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleri öz asylly maksatly işlerini has-da netijeli alyp barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär.


Eziz Diýarymyzyň bilim ojaklaryna häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde sanly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen umumy okuw sapaklary guralýar, online görnüşinde internet olimpiadalary geçirilýär. Muňa mysal edip Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda  sanly bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw jaýymyza degişli uzak aralykdan aralaşmak üçin institutyň portal saýty we bir näçe internet torlary döredildi. Bu portal saýty hem-de internet torlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalary we başgada beýleki ahli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri diýseň bellärliklidir. Mugallym sanly bilim ulgamynyň üsti bilen öz ugry boýunça bilim bermekligiň daşary ýurt  tejribesini öwrenip, öz hünär derejesini günsaýyn kämilleşdirip bilýär.  Mugallymyň ders gutaryp barýarka, şu günki sapakda geçen temasyna degişli elektron gollanmalary, wideorolikleri talyplara berip goýbermegi, ýaşlaryň öýlerinde okuwda öwredilen mowzugy  has çalt özleşdirip, örän içgin öwrenmegine  diýseň oňyn şert döredýär.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynda häzirki zaman ösen tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly öňegidişlikler gazanylýar. Institutyň kafedralarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň, innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary ýokary okuw mekdebiniň çägindäki tehnologiýalardan hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Nesil» portalyndan netijeli peýdalanýarlar. Ýokary okuw mekdebinde gurnalan ýerli kompýuter tory ähli bölümleri özünde birleşdirip, ýokary derejeli maglumat aragatnaşygyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

     Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Şeýle okuw sapaklarynyň, uzak aralykdan bilim bermegiň beýleki usullarynyň geçirilmegi, wideoşekilli maslahatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen ýygy-ýygydan guralmagy bu işleriň netijeli boljakdygyny aňladýar.

       Konspesiýanyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça institutda giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda: Institutymyzyň bar bolan maglumat-aragtanaşyk ulgamynda içerki torda işleýän sanly bilim portaly ornaşdyryldy we elektron kitaphanasy hereket edýär. Institutymyzyň içerki torda hereket edýän bilim portalynda elektron bilim gorlary, ýagny bilim maksatly maglumatlar toplumlary (elektron kitaplar, okuw maksatnamalar, gollanmalar, umumy, amaly we tejribe sapaklaryň sanly toplumy, wideoşekilli we audio maglumatlar, presentasiýalar, testler we logiki sowalnamalar we ş.m.) ýerleşdilirildi hem-de olar yzygiderli baýlaşdyrylýar. Içerki torda yzygiderli ders bäsleşikleri test görnüşinde geçirilýär.

        

    Elektron okuw talyp ýaşlaryň özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr we sanly maglumatlary ulanmak, öwrenmek, saklamak endiklerini özleşdirmek üçin mümkinçilikleri açmaga kömek edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, institutynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan içki lokal tory döredildi, sanly bilim portalynyň tor programma üpjünçiligi işlenip düzüldi we onuň binýadynda bolsa sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy.

        Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminamalar, okuw, ylym we innowasiýa, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, sport, uzak aralykdan bilim almak, elektron kitaphana, bildirişler, täzelikler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Biz bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Dursun BEKMYRADOWA,

 Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Logistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.