Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmäge, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine halkymyzyň intellektual kuwwaty bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi sanly innowasiýalara daýanýan, ösen döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine we onuň durmuşa ornaşdyrylyşyna aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Bu günki gün ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Şu jähetden ugur alnyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Ösen döwür bilen aýakdaş gitmek we onuň ýokary talaplaryny ödemek
üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak, onuň soňky gazananlaryndan baş çykarmak, halkara dillerde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar. Geljekde ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň häsiýetli alamatyna öwrüldi.
Häzirki zaman bazar şertlerinde ykdysady we sosial taýdan döwlet dolandyryş pudagynda bilim, anyk çemeleşmeler, şeýle hem olary iş ýüzünde ulanmak başarnygy zerurdyr. Öňdebaryjy hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär borçlaryny, wezipelerini ýokary hilli ýerine ýetirmekleri üçin, olaryň başarnyklarynyň hem-de ukyplarynyň ýokarlanmagy gazanylmalydyr.
Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimizin parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyyetimiziň
ähli pudaklarynda uly öňegidişlikler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny ulag hyzmatlary bolmazdan göz önüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbanlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edyär. Hut şu nukdaýnazardanda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hünärmenleriniň, ýokary okuw mekdebimizde hünäri boýunça talyplarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary hem sanly ulgamyñ ýurdumyzda ösdürilmegi bilen bagly alnyp barylýan okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar hem-de okuw meýilnamalaryna laýyklykda talyp ýaşlara bu ugurlar boýunça okuw sapaklarynda giňişleýin öwredýärler.
Ýaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynamlaryny ödemek üçin zehininidir yhlasyny gaýgyrmaýandygyna buýsanýarsyň. Kärine ökde hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinen mugallymlarynyň kömegi bilen heniz okaýan döwründe-de köp tejribe toplamaga döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.
Aýjahan GURBANDURDYÝEWA,
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.