Kämil hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap tejribelik okuwlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebiň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlary yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme tejribeliklerini, okuw maslahatlaryny geçýärler we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.

Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň uly depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişmeli talyp ýaşlar hünärlerine degişli döwrebap kärhanalardaky häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda, şeýle hem dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi, talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Geçirilýän bu okuwlarda talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.

Ählimize mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine gelip täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de Milli Liderimiz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Gahryman Arkadagymyz şäheriň birinji tapgyrynda gurlup işe girizilen lagym suwuny gaýtadan işleýän desga baryp, ol ýerde indi guruljak toplumyň enjamlaşdyrylyşy we onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary we 100 müň kub metr suwy saklamaga niýetlenen desga bar.

Onda lagym suwuny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwy Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, önümçilik toplumlarynyň, golaýdaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberi bolsa Garagum derýasyna akdyrylar. Munuň özi ýurdumyzda suwy rejeli we netijeli peýdalanmak meselesine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz täze desganyň işiniň sazlaşykly alnyp barylmagynyň, suwuň hiç hili ýitgisiz ulanylmagynyň üpjün edilmelidigini we suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp birnäçe görkezmeleri berdi.

Hut şu görkezmelerden we tabşyryklardan ugur alyp hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan asylly işlerinden ruhlanyp Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň hem-de institutyň “Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumynda önümçilik okuw tejribeligi geçirildi.

Geçirilen göçme önümçilik-tejribeliginde talyplar toplumyň lagym suwy saklanylýan howdanynda, kompressor bekedinde, suwuň hlor bilen arassalanýan bölüminde, gum we ýag tutujy binasynda we başga-da birnäçe bölümlerinde bolup ol ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň gürrüň bermeginde toplumda ornaşdyrylan häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan lagym arassalaýjy enjamlaryň dürli görnüşleri, desgadaky suw üpjünçilik we hapalanan suwlary akdyryş we hlor bilen arassalaýyş ulgamlarynyň işleýiş usullary, ýokary kuwwatlylyga eýe bolan kompressorlar we sorujylar barada zerur bolan maglumatlary aldylar, şeýle hem desganyň barlaghanasynda ýerleşdirilen döwrebap enjamlar arkaly arassalanan suwuň düzüminiň barlanyşynyň usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. Tejribeligiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň söhbetdeşlikleri we interwýulary gurnaldy.

Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynda uly buýsanç döredýär hem-de şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.


Gülşirin Agaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.