Kämil hünärmenler–aýdyň geljegiň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, aýdyň geljegimizdir. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir.

Şeýle ýokary okuw mekdepleriniň birem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzdyr. Institutymyzda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalary pudaklary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetişdirilip, olar çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmakda uly işleri bitirýärler. Önümçiligiň jogapkärli wezipelerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlarymyz biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Sebäbi biz, mugallymlara öz taýýarlan ýaş hünärmenlerimiziň jogapkärli wezipelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmeti, ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmekleri institutymyzyň zähmetsöýer mugallymlarynyň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidigi guwandyrýar.

Institutymyzy ýaşlaryň ýüzlerçesi tamamlap, bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa  pudaklarynda zähmet çekýärler. Geçen  ýyllaryň içinde institutymyzyň baý iş tejribeli professor-mugallymlar dowamynda kemala geldi. Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler: ykdysady ylymlaryň kandidatlary, ykdysady ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgärler we ýokary derejeli mugallymlar. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar. Häzirki wagtda institutymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanmaga berlen kaşaň binasy Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde görküne görk goşýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýuna barýarlar. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän mugallymlarymyzdyr talyp ýaşlarymyz ýeňişli menzillere ynamly gadam urýarlar.

Hawa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Ýaşlara demir ýoluň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünäri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.

Sanlyja günlerden «talyp» diýen ada mynasyp bolan ýaşlar okuw mekdepleriniň bosagasyndan buýsançly ätläp, täze güýç bilen bilimler dünýäsine gadam goýarlar. Bagtyýar ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde uly üstünlikleri arzuwlap «Ýoluňyz ak bolsun!» diýýäris. Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Amanmyrat SÄHETMYRADOW,

Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.