KÄMIL HÜNÄRLI ÝAŞLAR

Bilim bagynyň ilkinji basgançaklaryndan biri bolan mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen, hünär saýlamak meselesi hem örboýuna galýar. «Haýsy hünäri saýlasam, dogry bolarka?», «Saýlan hünärim dogrumyka?» diýen ýaly soraglar islendik ýaş ýetginjegiň aňynda köwsarlap başlaýar. Aslynda, ýönekeýje bolup görünýän bu soragyň ykbal kesgitleýji güýji bar. Şeýle ýagdaýlarda maşgalada ýaşulularyň, ata-eneleriň şahsy göreldesi zerur bolup, olaryň degerli maslahatlary möhüm rol oýnaýar. Ýöne öz geljekki durmuş ýolumyzy saýlamak özümize has köpräk bagly.Hünär saýlamakda öňüňde goýan maksadyň ýa-da çagalykdan köňlüňde beslän arzuwdyr hyýalyň bolmagy hünär saýlamak üçin sarp etjek wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Höwes-islegiň, sowadyň, bilim derejäň hem-de ukyp-başarnygyň hem bu ýagdaýa güýçli täsir edýär. Zähmet ýolumyzy saýlamakda goýberen ýalňyşlygymyz bize berlen uly baýlyk bolan ömrümizi manysyz geçirmegimize, wagtymyzy bihuda sarp etmegimize sebäp bolup biler. Köňül maksadyňa görä saýlanan durmuş ýoluň her güni-de, her sagady-da, her minudy-da üýtgeşik!

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek babatda edýän tagallasy ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar.

Musajelil Orazow, 

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.