Ýokary okuw mekdebimiz paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda institutymyzda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda halkara akkreditasiýasyny almak, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligini ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribe esasynda okuwa, ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek ugrunda hem alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty döwrebap ýokary okuw mekdepleriň biridir. Institutyň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Institutyň talyplary tehniki hünär öwrenmäge diýseň erjellik bilen çemeleşýärler. Bu ýerde inženerçilik hem-de tehniki dersleriniň inçelikleri we aýratynlyklary birkemsiz öwredilýär. Dürli halkara çärelerinde, ylym, bilim, döredijilik we sport bäsleşiklerinde institutyň talyplary okuwda alan bilimlerini özleşdirýärler, tejribe toplaýarlar. Ulag-kommunikasiýa pudagyny kämil derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen institutymyzdaky okuw we tejribe usullary häzirki zaman interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary, lingafon otaglary, öňdebaryjy okuw-tehniki enjamlary we abzallary işjeň ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin şertler, kompýuter, okalga, tikinçilik otaglary bar. Döwrebap tehniki serişdeler bölümi, kitaphana, internet otagy, okuw ussahanasy, sport kluby, sport meýdançalary talyplaryň hyzmatynda. Institutymyzyň professor-mugallymlary nazary, amaly we tejribe okuwlarynyň mazmunyny çuňlaşdyrmak, baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleriň esasynda iş alyp barýarlar. Talyplary ylmy-barlag işlerine ugrukdyrýarlar, okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlaýarlar. Talyp ýaşlarymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, daşary ýurtlarda geçirilýän ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeleýärler.
Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän hoşallyk maslahatlarynda professor-mugallymlarymyz bilen birlikde talyp ýaşlarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamlarynyň özleri üçin uly mertebedigini nygtaýarlar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ulag diplomatiýasy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny bagyş edip, hemişe uly buýsanç bilen gatnaşjakdyklaryny ynandyrýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan ýaşlar üçin ähli zerur şertleri döredip berýändiginiň we ylymly, bilimli, ýokary hünärli hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlaryna edermen ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirjek ylymly ýaş nesilleri kemala getirmäge, talyplara halkara derejesinde ýokary bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize institutymyzyň ähli bilim işgärleriniň we talyplarynyň adyndan çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.Nesil terbiýesi türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgeleriniň esasy özenini düzýär. Sagdyn bedenli, zähmetsöýer, watansöýüji, bilimli, ylymly ýaşlar jemgyýetimiziň esasy baýlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýaşlary döwrebap okatmak üçin biz — mugallymlara giň şertler döredilýär.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.