Institutymyzyň talyplary we mugallymy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady. Bu forumyň çäklerinde — şu gün ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

 Däp bolşy ýaly, Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bu guramanyň döredilen güni mynasybetli geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ýatda galyjy çäräniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň geçirilýän günlerine gabat gelmeginde çuňňur many bardyr.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen at dakyldy we degişli şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 Ýurdumyzyň ylymly-bilimli, köpçülikleýin medeni-jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýan ýaşlaryna gowşurylýan bu baýrak ugrundaky bäsleşige Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary, mugallymlary hem işjeň gatnaşyp, olardan demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Pälwan Bazarowsanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýazmyrat Atdaýew , şeýle hem çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Babageldi Ismailow dagy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular. Baýrak alanlara degişli güwänamalar bilen bir hatarda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde öndürilen «Tolkun» smart-telewizorlary hem sowgat gowşuryldy.

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyny giňden wagyz etmäge işjeň gatnaşýan bu ýaşlar hormatly Prezidentimiziň sowgadyny uly buýsanç bilen, maňlaýa sylyp kabul etdiler. Olar öz ýürek arzuwlarynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýlarynyň özlerine bildirilen uly ynam hem-de täze işlere ruhlandyryjy güýç bolandygyny şatlyk hem guwanç duýgulary bilen beýan etdiler.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýokary okuw mekdebimiziň ýaşlaryna mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris! Baýragyňyz gutly bolsun, zähmetsöýer, maksada okgunly, zehinli ýaşlar!


Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.

 Amanmyrat SÄHETMYRADOW,

 Demir ýol ulaglary fakultetiniň dekany.