INSTITUTYMYZYŇ DÖWREBAP IŞLERINIŇ MIWESI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ösdürilmegini ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýe bolmagyny, has takygy,ony Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmegiň esaslarynyň birine öwürmegi zerur hasaplaýar. Ulag we logistika bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Her bir ýurtda ulag ulgamynyň ykdysadyýetiň we durmuşyň ösüşinde uly we wajyp ähmiýeti bardyr. Islendik döwletiň ykdysadyýeti ulagsyz üstünlikli işläp bilmez. Ulag ýurduň ykdysadyýetinde, daşary ykdysady gatnaşyklarda, ýurdy goramakda, täze ykdysady sebitleri ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr we ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegidir. Senagat, oba hojalygy, üpjünçilik we söwda kärhanalarynyň ösüşi we kadaly işlemegi transportyň işine baglydyr. Ulag adamzadyň iň möhüm zerurlyklarynyň biri bolan – harytlary we ýolagçylary herekete getirmek zerurlygyny kanagatlandyrýar. Şeýlelik bilen, ulag ykdysadyýetiň we sosial ulgamyň ähli elementleri bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan iň uly magistral pudaklaryň biridir. Ýurduň mundan beýläk-de ösmegi, içerki we daşarky transport we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegi, önümçiligiň mukdarynyň ýokarlanmagy we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, transportyň ähmiýeti diňe ýokarlanýar.Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk garaýyşlary oňa yzygiderli we maksadalaýyk häsiýet bermek, şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen halkara derejesinde ylmy-maslahatlary we sergileri guraýar.

         Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň gurnamagyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly halkara maslahaty we sergisi. Bu çäre ulag pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini halkara logistika ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi. Bu sergide ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, hünärmenleriniň, professor-mugallymlarynyň işleri ýaýbaňlandyrylyp çykyşlar edildi. Institutymyzyň mugallymy Sylap Atamyradow we Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ýazmyrat Atdaýew çykyş edip, ýokary okuw mekdebimiz tarapyndan ýerine ýetirilen işler we geljekki taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Ulag geçelgeleriniň strategiki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin meýdançasy bolup hyzmat edýän bu çärede  institutymyz diplom bilen sylaglandy. Ýurdumyzyň ösüşlerine, bilim ulgamynda goýlan maksatlara ýetmekde öňdebaryjy iş alyp barýan institutymyzyň üstünlikleriniň sany köp bolsun.


Bazargeldi Sapargeldiýew

“Ýokary matematika” kafedrasynyň mugallymy