Türkmenistanyň Esasy Kanunynda adam jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilýär. Ynsanlaryň saglygyny goramak bolsa döwletimiziň, şol sanda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen maslahat hem bu möhüm meselä bagyşlandy. Ýakynda institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, ýaşlar guramasynyň, demokratik partiýanyň, zenanlar gurmasynyň bilelikde guramaklarynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly wagyz-nesihat çäräsi geçirildi. Geçirilen çärä institutymyzyň tehniki howpsuzlyga we zähmeti goramaga jogapkär hünärmenler, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, ýaşlar guramasynyň demokratik partiýasynyň, zenanlar guramasynyň başlyklary gatnaşdylar. Onda zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertlerini döretmek boýunça çäreleri guramak barada pikir alşyldy. Ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişini gazanmak, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine ünsi güýçlendirmek, institutyň talyplaryna we işgärlerine arkalaşyk kömegini bermek, berkidilen meýdançalarda köpçülikleýin bag ekmek we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, okuw otaglarynda ulanylýan tehniki enjamlar bilen işlemegiň tehniki howpsuzlygy barada giňişleýin çykyşlarda giň manyly belläp geçdiler. Betbagtçylyk ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri geçirmek maslahat berildi. Şunuň bilen birlikde talyp-ýaşlara Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzy gülledip ösdürmek, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini hem arzuw etdiler.
Çärede çykyş edenler tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň we zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada aýratyn durup geçdiler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda işgärleriň howpsuzlyk we arassaçylyk talaplaryna laýyklykda zähmete bolan hukugy, zähmeti goramak babatda işgärleriň hukuklaryny goramagyň döwlet kepillikleri, işgäriň zähmeti goramak babatdaky borçlary barada giňişleýin düşündiriş berdiler.
Çykyş edenler ýurdumyzda zähmet adamsyna goýulýan belent sarpa üçin Arkadagly Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek ugrunda ýaş hünärmenleri kemala getirmekde mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.
Çärä gatnaşyjylar bagtyýar zamanamyzda çekilýän halal zähmetiň rehnedini görüp, ak ertirlere uly ynam bilen gadam basmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Leýli ALMAZOWA,
Ulaglar fakultetiniň Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.