Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasyny geçirýär. Bu halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde geçiriler.
Internet olimpiadasy 2023-nji ýylyň 19—njy maýda Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanar. Olimpiadanyň şertlerine laýyklykda, talyplar 50 sany test soraglaryna 60 minudyň dowamynda we 10 sany ýumşy 120 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli bolarlar. Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda https://tituki.edu.tm/ web saýtyna girip, degişli LOGIN we PAROL bilen öz şahsy sahypasyna girmeli. Soňra 50 sany test soraglaryna 60 minudyň dowamynda jogap bermeli we 10 sany ýumşy 120 minudyň dowamynda ýerine ýetirip, jogabyny girizmeli.
Olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň, ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 20 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumuşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumuşyň nomerini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde, TDS-nyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Test soraglarynyň her biri üçin 1 (bir) bal berilýär. Ýumuşlaryň her bir dogry jogaby üçin 5 (bäş) bal berilýär. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary optimal (gysga we çalt) usulda çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi döwrümize mynasyp, ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, şeýle-de Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, il-günümize wepaly, ruhubelent nesliň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr, Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmeleriniň rowaçlanýandygynyň dabaralanmasydyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetirendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur. Goý, beýik başlangyçlara badalga berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, bagtyýar nesillerimiziň röwşen geljegi ugrunda alyp bar ýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Mähri WEPAÝEWA,
Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby