Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýer, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaş zehinler ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin aýratyn alada edilýär.
19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde geçiriler. Geçirilen halkara internet olimpiadasyna diňe bir ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary däl, eýsem Türkiyanyň, Hytaý Halk Respublikasy (HHR), Russiýa Federasiýasynyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, ABŞ-yň we başgada birnäçe ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaram gatnaşdylar. Internet saýtynyň üsti bilen berlen kesgitli wagtyň dowamynda ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly 180-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçirilen çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasy örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny beýgeltjek bagtyýar ýaşlar ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşlaryň ruhunda uly buýsanç döretdi. Halkara internet olimpiadasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara we ýeňişli orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara degişli diplomlar, hormat hatlar we sowgatlar gowşuryldy.
Olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi döwrümize mynasyp, ösen aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, şeýle-de Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, il-günümize wepaly, ruhubelent nesliň kemala gelýändiginiň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösdürilýär, bu ugurdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Bularyň hemmesi şu günümiziň ösüşlidigini, geljegimiziň aýdyňdygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ösüşi üpjün edýär. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy