Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýjüne, dünýäde hoşniýetlilik we dostluk baýdagyny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy öňdebaryjy kuwwatly döwlete öwürmekdäki röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ösüşlerinde, alyp barýan parahatçylyk syýasatymyzda Magtymgulynyň şygryýet dünýäsindäki sagdyn pikirleriň, ideýalaryň özeni hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň “Berkarar döwletimizde, bagtyýarlyk eýýamymyzda hem Magtymgulynyň mertebesi has-da belende göterilýär, akyldaryň umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, durmuş zerurlygy bilen delillenýän köpugurly ideýalary şu günki kämil jemgyýetimiziň ruhy binýadydyr” diýip bellemegi, akyldar şahyrymyz Magtymgula goýýan hormatynyň uludygyny görmek bolýar.
Ýurdumyzda maý aýynyň 22-25-i aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýa, Hazarýaka hem-de Hytaý Halk Respublikalarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Halkara gatnaşyklary:parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 250-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşik düzgünnama laýyklykda ýekeleýin we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Talyplara matematiki modelirlemek dersine degişli meseleler berildi. Bu bäsleşikde biziň institutymyz hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýekeleýin görnüşde Demir ýol fakultetiniň talyplary Baýlyýew Ýalkapberdi 1-nji orna, Agaýew Begnur 3-nji orna, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Baýramow Şöhrat 3-nji orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Gyzylowa Jemal 2-nji orna, Goşaýew Soltan 3-nji orna, şeýle hem toparlaýyn görnüşde Baýlyýew Ýalkapberdi, Baýramow Şöhrat, Goşaýew Soltan gatnaşmagynda 2-nji orna mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmeginde talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.
Wepaýewa Mähri ,
Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby