Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek baradaky işler giň gerim alýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylyň 19-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda I Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirdi.
Arkadagly döwrümizde ýaş nesliň döwrebap derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler ýaşlara halkara derejesindäki dürli bäsleşiklere gatnaşmaga we üstünlikli çykyş etmäge ruhubelentlik berýär. Talyp ýaşlarymyzyň halkara ders, internet we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri şeýle diýmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyyar talyp ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleri hakda edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommuikasiýalary institutynyň her bir bagtyýar mugallymlarynyň kalbynda buýsançly duýgulary döredýär. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Atdaýew Ýazmyrat Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby, Dädebaý Gurbanow Buhgalter hasaby we audit "A" hünäriniň 5-nji ýyl talyby, Myrat Sähedow Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 5-nji ýyl talyby 29 utuk toplap, 3-nji orny eýeläp, diplomlar bilen sylaglandylar.Ýeňiji ýaşlarymyzyň halkara bäsleşiginde gazanan bu täze üstünlikleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylym-bilim syýasatynyň ajaýyp miwesini berýändiginiň we has-da dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Biz hem ýaş zehinlerimizi nobatdaky halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Olara geljekki ýaryşlarda hem üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Bu halkara bäsleşikde talyplar 180 minutyň dowamynda 10 ýumşuň çözgüdini tapmaly boldular. Toplan utuklarynyň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede, oňa gatnaşyjylaryň 9-sy 1-nji, 51-si 2-nji, 104-si bolsa 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijiler 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara olimpiada ýurdumyzyň 23 ýokary okuw mekdeplerinden jemi 181 sany talyp sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar.
Halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyňdyr talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamy boýunça pikir alyşmagyna we tejribelerini kämilleşdirmegine şert döretdi. Häzirki döwürde kämil ylym-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini açyp görkezmekde şeýle bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr.
Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.