Hünärmenleri taýýarlamakda halypaçylyk ýoly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ” ýylynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy toplan milli tejribelerini, gymmatlyklaryny, milli baýlyklarymyzy, edebi mirasymyzy, taryhy we tebigi ýadygärliklerimizi has-da çuňňur öwrenilmegine giň ýol açdy.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentiýabr aýynda  Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda gazanylan üstünlikler Watanmyzyň halkara derejesinde kuwwatly döwlete öwrülmeginiň esasyny düzýär . “Türkmenistanyň Elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynda “Men siziň institutyňyzda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň döredilendigini bilýärin. Onuň laboratoriýalarynda fotoelektrik özgerdijiler tehnologiýasy, Gün energiýasynyň konsentrasiýasy  we geliotehnika, bioenergetika we biomassalar önümçiligi tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, elektrik energiýasynyň akkumulýasiýasynyň tehnologiýasy we şulara meňzeş beýleki ugurlar boýunça ylmy-barlag işleriniň geçirilýändigi gowy başlangyçdyrlardyr. Şol institutda  Türkmenistanda ilkinji Gün-ýel garyşyk kuwwatly elektron bekediniň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy has-da guwandyryjydyr. Nesip bolsa, biz ony Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurarys. Geljekde hem gaýtadan dikelýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmek gerek. Ýurdymyzda gün energiýasyny öndürýän Gün panelleriniň önümçiligini giňden ýola goýmak we durmuşa ornaşdyrmak  işlerinde biz ýaş alymlara, ýaş energetiklere bil baglaýarys.” diýip, belledi. [40s]  

 2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda  Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir tebigy baýlyklary bilen dälde, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil hünärmen nesilleri bilen kesgitlenilýär. Ýaşlar ata-watanymyzyň geljegi hasaplanylýar. Inžener-tehniki ugrundaky türkmen hünärmenleriniň hem-de ýaş alymlarynyň kemala gelmekde  Ata Watanymyzda halypa- şägirtlik ýoly giňden peýdalanylýar.

Gahryman arkadagymyzyň tagallasy bilen halka gowşan "Paýhas çeşmesi" atly kitapda “Ynsan – adalatda, lebzinde durmakda hem-de ahlak päkliginde bellidir “ diýip, ata-babalarmyz nesillere nesihat edipdirler. "Ylym akyldan dem alar", "Ylym-yhlas", "Ylym almak-iňňe bilen guýy gazmak", "Ylym-köp, ömür-az, geregiňi al, daşa ýaz", "Ylymsyz bir ýaşar, ylymly müň ýaşar " diýlip, aýdylýar. Halypaçylyk ýoly, ylym-bilim we adamkärçilik ýörelgeleri barada ençeme paýhasly getirilipdir.Ylmyň çägi ýok. Şeýle bolansoň, kämilligiň hem belli bir serhedi ýok. Geçmişde ýaşap geçen alymlaryň ömür ýoly bu pikiriň dogrudygyny tassyklaýar. Ýöne ylym dünýäsine aralaşan her bir alym täze ylmy pikirdir garaýyşlary bilen Watanyna il gününe hyzmatyny etmekde öz borjy hasaplaýar. Bu ýörelge, ylym dörap, dowam edip gelýär. Bir günde ýa-da gysga wagtyň dowamynda alym bolup bolaýanok. Hünär saýlap, şol hünär boýunça bilim alyp, zähmet ýoluna gadam basanyňdan soň hem, ylymlar dünýäsine aralaşmak üçin, kän-kän gezekler çorba sowatmaly, köp okap, bilimiňi kämilleşdirmeli. Bu tehniki - inženerçilik ugrunda has hem zerur. Yhlas, zehin döredijilik zähmetde taplanmaly. Degişli hasaplamalar geçirip we döwrebap derejede gurmaly.

Ýurdymyzda  Hormatly Prezidentimiz ylym –bilimini ösdürmek barada uly tagallalar edýär. Ýaşlara uly ynam bildirýar. Kämil ylymly-bilimli ýaş hünärmenleri ýetişdirmek barada tabşyryklary berýär. Inžener -tehniki hünärmenleri taýýarlamakda , Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ähli şertlerinden döredilen. Olarda netijeli peýdalanyp,ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlanylýar. Bu döwrebap ýokary okuw jaýynda üçmüň talybyň bilim almagyna niýetlenen.
Ol institutynda 6-fakultet, 19 kafedra bolup, talyplar 27 hünär boýunça bilim alýar.
Institutyň dört gatly baş binasynda we dört gatly üç sany okuw binasynda rektorlyk hem-de 6 sany fakultet hereket edýar. Bu şertleriň döredilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň Watanyna , Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimize, ösüp gelýän ýaş nesillerine niýetlenen. Onda ýurdymyzda ylymy –bilimi ösdürmekde , inžener - tehniki hünärmenleri taýýarlamakda agirt uly işleri alyp barylýar. Ýene-de 2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryna badalga berdi. Onuň çäklerinde iki gatly ýaşaýyş jaý toplumy, seýilgäh, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, awtomenziller, duralgalar, ýol hereketiniň guralyşy, ýol hereketiniň statistik hasabatyny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrýan elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezini bina etmek meýilleşdirilýär. 25.02.2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini, ýol ulag düzüminiň desgalarynyň taslamalary durmuşa geçirilende, olaryň düzüminde häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu ugra degişli ähli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy.

Görkezilen awtomenziliň şekil taslamasyna käbir belliklerini aýdyp, toplumyň taslamasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň taýýarlandygyny, bu ugurda alnyp barylýan işlere, degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryna bildirilen bu ynam institutymyzyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň ruhuny arşa göterdi, çekýän zähmetine bolan höweslerini artdyrdy. Talyp ýaşlarmyz we mugallymlarymyz öz ugurlary boýunça tekliplerini Arkadag şäherine hödürleýarler.

 Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde ylym -bilim ulgamynda gazanylan netijeleriň, ýokary görkezijileriň gözbaşynda Baş arhitektor, Alym Arkadagymiz dur. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi » atly  edebi-filosofik eserlerinde halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri täsirli beýan edilýär. Milli Liderimiziň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi, şunda özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlaryň täsirli taryhy wakalar bilen utgaşyklykda çeper beýan edilmegi okyjyny watansöýüjiligiň çuň täsirine atarýar.  Kitapda taryhymyza, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän asylly däp-dessurlaryna, eziz Diýarymyzyň häzirki döwürdäki ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerini okap, ylham alyp, halal zähmetimiz, mynasyp göreldämiz bilen Watanymyza, halkymyza ilhalar nesilleri terbiýelemek neneň buýsançly bagt?! Nusgalyk yz galdyran halypalaryň  Döwletlilik ýörelgelerimizi dowam edip, halkyny bagtyň gujagynda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Oguljan Aýnazarowa  Ulaglar fakultetiniň uly mugallymy.