Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilelikde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140-ýyllygy mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynda innowasion tehnologiýalaryň ULanylyşy” atly wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilelikde Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140-ýyllygy mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynda innowasion tehnologiýalaryň ULanylyşy” atly wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu onlaýn ylmy-amaly maslahat professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriň, hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi. Möhüm taryhy senä – Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140-ýyllygyna hem-de "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylyna bagyşlanyp geçirilýän bu onlaýn ylmy-amaly maslahat berkarar döwletimiziň okgunly ösýän şähergurluşyk maksatnamalarynda innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler: “Şähergurluşygynda elektrikleşdirmäge innowasion çemeleşmeler”.Aman Hojalyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy. “Elektrik we ýylylyk üpjünçiliginde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak”.Amirhan Matýakubow, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri. “Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda”. Arslan Täşliýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy. “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň sanly ulgamyň ähmiýeti”. Nurmuhammet Allanazarow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri. “Aşgabat sebitiň iri ulag-logistiki merkezi”. Mekan Esenow,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak kafedrasynyň müdiri. “Yşyklandyryş ulgamynda akylly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ylmy esaslary”. Aýna Azadowa , Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby. “Aşgabatda kämil ulag hyzmatlary”. Möwlam Haýtgulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahatda Aşgabadyň durmuş ykdysady taýdan ösdürilmegi häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasyna bildirilýän talaplar geljekde-de, bu babatda birnäçe taslamalaryň ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäheriniň mundan beýläkde okgunly hem-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz diňe bir şähergurluşygy bilen baglanyşykly taslamalaryň başyny başlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmeginiň her bir tapgyryny berk gözegçilikde saklaýar. Şunuň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerişikleri barada ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler bellediler. Wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň hem-de ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen ägirt uly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Möwlam HAÝTGULYÝEW, Institutymyzyň Ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby