Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzyň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýaş neslimiziň röwşen geljegi, tutuş adamzat nesliniň abadançylygy ugrunda ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda hünärmenleriň taýýarlygyny hem aýratyn bellemek gerek, çünki informasion-kommunikasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň zerurlygy üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda uniwersitetimizde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Esasan hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler tebigy bilimleri oňat özleşdirip, dürli ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bilimiň ähli basgançagyndaky edaralar ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna şert döredýär. Okuw sapaklarynda multimedia serişdelerini ulanmak bilim alýanlaryň gözýetimini giňeldýär, olaryň hemmetaraplaýyn ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini şertlendirýär.
Berkarar ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesillere berilýän bilimiň ýokary netijeliligini gazanmakda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýramgeldi AKYÝEW,
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Tumar KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň mugallymy.