Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, talyp diýen ada mynasyp bolan ýaşlaryň ençemesi höwes edýän ugurlary boýunça ýokary bilim almak, arzyly hünäriň eýesi bolmak hyjuwlaryna beslenen ýaşlaryň ençemesi üçin durmuşyň iň bir jogapkärli, iň bir gyzykly pursatlary başlaýar. Men hem deň-duşlarym bilen ilkinji gezek talyp hökmünde ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan ätlänimde, ylym dünýäsiniň gapysy giňden açylypdy. Talyplygyň her bir güni täzelikler bilen hünär ugrunyň gizlin syrlaryny açyp, bilmek-öwrenmek höwesimizi artdyrýar.
Men hem orta mekdepde okan döwrümde yhlasymy gaýgyrman, ökde okuwçylaryň hatarynda bolmaga çalyşdym. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän zehin bäsleşiklerine gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp boldum. Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan çykan nusgalyk kitaplaryny, dünýewi, nusgawy kitaplary höwes bilen okadym. Bu bolsa bilimimiň has-da çuňlaşmagyna ýardam edip, ýokary okuw mekdebine girmäge uly goldaw boldy. Yhlasym ýerine düşüp,Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Saýlap alan hünärime yhlasly bolup, bedew bady bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzyň geljekki ösüşlerine öz goşandymy goşaryn.
Döwrebap okuw maksatnamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamlary, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin bäsleşige ukyply ýokary bilimli kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alýar. Ýokary hilli bilimiň üpjün edilmegi durnukly ösüşiň maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin özüniň tagallalaryny milli maksatnamalara üstünlikli ornaşdyrýar we durmuşa geçirýär.
Milli bilim ulgamynda innowasiýalaryň we sanly ugurlaryň ornaşdyrylmagy, ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegi ýaşlaryň ýokary intellektual ösüşiniň üpjün edilmegine hem-de dünýä jemgyýetçiligine ynamly goşulyşmagynyň şertlerini döretmekde möhüm orun eýeleýär.
Milli ykdysadyýetimizde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, ýaş hünärmenleriň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri, olaryň daşary ýurt dillerinde tejribe geçip bilmekleri, özara gatnaşyklary ýola goýmak ukybyny artdyrmagy netijeli häsiýete eýedir.
Bilimler we talyp ýaşlar güni täze okuw ýylyna badalga berler, ýüzlerçe ýaşlar öz arzuwlarynyň yzyna eýerip, saýlan ugurlarynda bilim almak, hünär öwrenmek mümkinçiliklerine eýe boldular. Nesip bolsa, ýene sanlyja günlerden bilimler dünýäsiniň altyn gapysyny açan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişerler.
Biz—bagtly ýaşlar. Çünki biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa-da beýleki deň-duşlarym ýaly talyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu gün begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Şeýle bagty peşgeş beren hormatly Prezidentimize çyn ýürekden alkyş aýdýarys.
Arkadagly Serdarymyzyň biz—ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, ýokary okuw mekdebinde oňat bahalar bilen okamaga, saýlap alan hünärimi ezber ele almaga çalşaryn.
Enebaý HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň 1-nji ýyl talyby.