HARMANYŇA BEREKET EZIZ WATANYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar sazlaşykly ösdürilýär. Şol sanda oba hojalygy ösdürmek boýunça birnäçe işler ylmy esasda alnyp barylýar. Hakyky ýer eýeleri bolan edermen daýhanlarymyza giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan daýhanlarymyz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrýarlar. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy. Türkmen topragy — rysgal-döwletiň, berekediň gözbaşy. Halkymyzda bereketli topragymyz barada asyrlaryň dowamynda ençeme nakyllar, atalar sözi, aýtgylar döredilipdir. Bereketli topragymyzyň asty-da, üsti-de egsilmejek hazyna.

       Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy orak, ekerançylyk möwsüminiň tamamlanandygyny aňladýar, şonuň üçin esasy dabaralar oba hojalyk işgärlerine, daýhanlara, mülkdarlara, agronomlara we oba hojalygynyň beýleki zähmetkeşlerine bagyşlanýar. Bir söz bilen aýdanyňda, Hasyl toýy olaryň özboluşly hünär baýramydyr.

Ýurdumyzyň oba hojalygy bereketli topragymyzyň eçilýän rysgalyna baglydyr. Şol maksat bilen, oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýylyň dowamynda güneşe baý topragymyzdan ekologiýa taýdan örän arassa, adam saglygy üçin ýokumly oba hojalyk önümleri öndürilýär. Bu toplumyň ägirt uly kuwwatyny toplumlaýyn durmuşa geçirmegiň hasabyna netijeli üstünlikleriň gazanylandygy bellärliklidir. Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde bu toplumy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen anyk çäreler görülýär.

Il arasynda «Daýhan baýasa, döwlet baýar» diýen aýtgy bar. Dogrudan hem halkyň azyklyk önümleriniň esasy öndürijisi bolan daýhanyň galkynmagy, onuň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi ýurduň ösüşine itergi berýär. Ýurdumyzda daýhanlar üçin döredilýän şertler hasyl ussatlaryny, ýer eýelerini, edermen daýhanlary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, mundan beýläk-de oba hojalyk pudagynyň batly depginler bilen ösmegine mynasyp goşant goşmaklyga borçlandyrýar.

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Waatnymyzda Hasyl toýunyň milli senanamamyza girizilip, ýurt möçberli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram daýhanlarymyzyň yhlas bilen çekýän zähmetiniň dabaralandyrylmasydyr. Olaryň halal zähmetine döwlet derejesinde gadyr goýulmagydyr. Ýurdumyzda ýokary kuwwatly tehnikalar, döwrebap tehnologik enjamlar, mineral dokünler we önümçilik serişdeleri bilen üpjün edilýän hem-de yzygiderli döwlet goldawyndan peýdalanýan edermen daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna bol hasyl ýetişdirip, bazarlarymyzy gök we miwe önümlerinden, saçaklarymyzy datly nygmatlardan doldurýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeleri Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilip geçilen Hasyl toýy şanly günleriň hataryny uzaltdy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly serdarymyza alkyş aýdýarys!


Serdar JUMAMURADOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehaniki-tehnologiki fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby.