Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary okuw-barlag işlerine we ylmy-barlag işlerine köpçülikleýin çekmekde alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Şu işleriň içinde kafedralarda hereket edýän ylmy gurnaklar aýratyn orun tutýar.
Şeýle gurnaklaryň biri hem ýokary okuw mekdebiň “Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary” fakultetiniň “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynda hereket edýän “Inžener we kompýuter grafikasy” gurnagydyr. Täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitlemek bilen bilelikde bu gurnak, talyplara nazary we amaly ähmiýetli meseleleri goýmak we çözmek, olaryň degişli ugurlar boýunça biliminiň artmagyna we çuňlaşmagyna, çyzgylary dogry ýerine ýetirmek üçin usuly endikleriň kemala gelmegine, hasaplama-grafiki işlerini ýerine ýetirmegiň iň öňdebaryjy usullaryny öwrenmeklerine, informasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti özlerinde terbiýelemäge ýardam berýär.
Ýakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda III Açyk Grafika Olimpiýadasy geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen bu III Açyk Grafika Olimpiýadasy “Inžener grafikasy” hem-de “Kompýuter grafikasy” görnüşleri boýunça geçirildi.
Gazanylan netijeler boýunça ýokary okuw mekdebimiziň birnäçe talyplary baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşigiň “Inžener grafikasy” görnüşi boýunça: “Ulaglar” fakultetiniň talyby Hursant Kerimow birinji orna, “Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar” fakultetiniň talyby Leýli Jumaýewa hem-de “Demir ýol ulaglary” fakultetiniň talyby Myrat Aşyrow ikinji orna, “Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary” fakultetiniň talyplary Gurbangylyç Orazgylyjow hem-de Selbi Gylyjowa üçünji orna mynasyp boldylar. Bäsleşigiň höweslendiriji baýragyna “Demir ýol ulaglary” fakultetiniň owgan talyby Şahy Elýas mynasyp boldy.
Bäsleşigiň “Kompýuter grafikasy” görnüşi boýunça: “Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary” fakultetiniň talyby Atabaý Ýagşymyradow birinji orna, “Mehanika-tehnologiýa” fakultetiniň talyby Döwletmämmet Garaýew ikinji orna, şeýle hem “Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary” fakultetiniň talyplary Orazberdi Şanazarow hem-de Gutlymyrat Gutlyýew dagylar üçünji orna mynasyp boldylar. Talyplary bäsleşige “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymlary Babageldi Ismailow hem-de Akmuhammet Rozyýew dagylar taýýarladylar.
|
|
Şu ajaýyp üstünlikleriň sakasynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň hem-de parasatly syýasatynyň durandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Şeýle hem, bu ajaýyp üstünlikler ata Watanyň gülläp ösmeginiň, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň hatyrasyna bilim wekilleriniň çekýän agzybirlikli, yhlasly zähmetiniň miwesidir. Şeýle eşretli durmuşy bize peşgeş beren milli Liderimize köp-köp sagbolsunlar aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän belent işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Babageldi Ismailow, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.