Halkymyzyň buýsanjy-Bedew! Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe   “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Ahalteke bedewimizi dünýä giňden ýaýmakda ägirt uly işleri alyp barýar.

Bilşimiz ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly çäreler, at çapyşyklar bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsindäki ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

Serdar Berdimuhamedowyň badalga bermeginde Arkadag şäherinde Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy döredilip, ”Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyna berildi.

Asyrlaryň dowamynda kämillige ýeten türkmeniň seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýşi, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylýan dermanlardyr emleriň görnüşleri, taýýarlanylyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir. Seýisçilik käri ýiti zehini, inçeligi talap edýär. Türkmen gadymdan bäri atyň ata-ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygyny yzarlap, asyl ganly tohum atlar gözüň göreji ýaly saklanypdyr. Bedew atlaryň asly taryhynyň syrly gatlaryndan gaýdýar.

Bedewleri iýmitlendirmek orän uly ünsi özüne çekýär. Seýis tarapyndan iýmit berilende gant, kişmiş, arpa, ýorunja berlipdir.

Ahalteke atlary batly toýnaklary bilen-de duşmana zarba urmagy başarypdyr. Bedew giden mähelläni haýrana goýup, ýaýdan çykan peýkam ýaly süýnüp, pellehanadan ilki geçipdir.

Bedew at-ýigidiň maksat myrady bolansoň, türkmen halky “at–myrat” diýýär. Ahalteke bedewi–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz bolansoň olaryň arasynda gözellik bäsleşikleri geçirilýär.

 Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” , “Gadamy batly bedew” atly kitaplary türkmen halkyna pesgeş berdi.

Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” we  “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaplarynda ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depginiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrülendigine we türkmen halkynyň bedewe bolan çäksiz söýgüsini  şaýatlyk edýär. Bu kitaplar maglumatlara baý bolup, türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen.

Goý, halkymyzyň gelejegi barada alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!


Akmuhammet Temirow,

Jçeri işler mnistrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň  3-nji ýyl talyby.