Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi, Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde güýçlenmegini kesgitleýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat magistralyny, (Turkmenistan) Kerki-Ymamnazar-Akina (Owganystan) demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçirilen demir ýol we köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat we beýleki şäherlerdäki iň döwrebap howa menzillerini göz öňünde tutsak biziň ýurdumyzyň sebitdäki potensialy (kuwwatlylygy) aýratyn üns çekijidir. Dürli görnüşli ulaglardan peýdalanmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistan Hazar transmilli halkara ulagTürkmenistanyň , “Lazurit” ýolunda ewroaziýanyň ulag arabaglanyşygyny ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Ýurduň çäginde ýük daşamaklygyň mukdary has-da artýar. Türkmenistan özüniň ulag infrastrukturasyny ýokary depgin bilen ösdürýär. Türkmenbaşyda Halkara deňiz porty guruldy, şeýle hem awtomobil we demir ýollaryň döwrebap ýer ulag ulgamlary gurulýar. Halkara ülňülerine laýyklykda ulag we halkara ulag pudaklarynda hukuk esaslary ösýär we kämilleşýär. Ulag ulgamlarynda syýasy, ykdysady we hukuk şertleriniň işjeň ýagdaýda gowulandyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça üstaşyrulag koridorlaryny birleşdirmek, ulag we logistika hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän islegler has-da artdy. Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar üstaşyr-ulag koridorlaryndaky örän ähmiýetli geografiki ýerleşişi, ýurduň ulag kuwwatlylygynyň we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça daşarky syýasy döwlet işi türkmen kompaniýalarynyň logistika işindäki mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Halkara deňiz portunyň işjeňligini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gämi duralgasynyň umumy uzynlygy bir wagtyň özünde birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelip gitmegine hyzmat edýär. Portuň ygtyýarynda ýükler bilen işlemek üçin täze enjamlar we göteriji ulaglaryň ýöriteleşdirlen tehnikalary hyzmat edýär. Portuň iň uly desgasy – umumy ýükleriň terminaly dürli gurluşyk materiallaryny, demirleri, polatlary, maşynlary we enjamlary kabul etmek we ugratmak üçin niýetlenen. Ýüklemek we düşürmek üçin hem kuwatly relsli (seplemli) we mobil kranlaryň işi ýola goýulan. Konteýner terminaly bolsa ulaglaryň ähli görnüşleri bilen getirilen ýükleri saklamak we täzeden işlemek we suw ulaglaryna ýüklemek hyzmatlaryny amala aşyrýar. Bu köpugurly logopark Türkmenistanyň eksport-import logistika ulgamyndaky ornuny öňdebaryjy (liderlik) ýagdaýa getirýär. Portuň infrastrukturasynyň esasy orunda goýulmagy daşaýjylara halkara ülňülerine laýyklykda hyzmat etmäge mümkinçilikleri döredýär. Umuman aýdylanda, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işiniň has-da ýaýbaňlandyrylmagy wagtyň geçmegi bilen yklymlaýyn ýük daşamaklygyň lostika zynjyrynda ähmiýetli özgermeleriň amala aşmagyna alyp barar we türkmen geçiriji terminallary bolsa gysga hem-de ähmiýetli ýollaryň iň ygtybarly we wajyp ornuna öwrüler. Biz Türkmenistanyň halkara guramalaryna girmek we olar bilen ýakyndan hyzmatdaşyk etmek işiniň ösdürilmegi netijesinde geljekde uly ösüşleriň boljakdygyna hem göz ýetirip bilýäris. Bu Türkmenistanyň ulag we logistika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, üstaşyr gatnawlaryň artmagyna, ulag pudagyny standartlaşdyrmaga, ulag we logistika pudaklarynda hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin maglumat tehnologiýalaryny we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga has oňaýly täsir eder. Şeýlelikde Türkmenistanda Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwleleri üçin logistika merkezini döretmäge hakyky mümkinçililklere ýol açylar. Netijede ýurtda logistikia gurluşyň mukdar we hil ýagdaýy has-da ýokarlanýar.Esasan hem, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulag we logistika proseslerini sanlylaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns bermek zerurdyr. Bu ýerde esasan hem IT köp meseläni çözmegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar we şeýlelik bilen halkara ykdysady gatnaşyklaryň hilini we netijeliligini ýokarlandyrýar. Halkara maliýe guramalary ösen we ösýän ýurtlar üçin 2020-nji ýylda negatiw ösüş depginleriniň boljakdygyny ýa-da galan kiçi ýurtlarda ösüşiň nol derejä çenli peseljekdigini çakladylar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň görkezijileri gaty ynandyryjy sanlary görekezýär. Şeýlelik bilen, deslapky çaklamalara görä 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini (IÖÖD) 5,9% bolup, öňki ýyllara garanyňda birneme azdyr. Beýleki ýurtlar üçin çaklamalar hem hakykata laýyk gelýärdi we amala aşdy. Bu milli ykdysadyýetiň dürli krizis ýagdaýlaryna seretmezden durnuklydygyny we döwlet ykdysadýetini talabalaýyk dolandyrmakda degişli işleriň amala aşrylýandygyny görkezýär. Şeýle hem IÖO depginini ýokarlandyrmakda ösüşi ýurt boýunça ortaça depginden ýokary bolan hususy sektoryň ornuny hem bellemek gerek. Mysal üçin deslapky çaklamalara görä, 2020-nji ýylda, Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň Birleşmesiniň senagat önümçiliginiň ösüş depgini takmynan 13,5%, oba hojalygy we azyk önümleri hem – 11% boldy. Netijede, 2020-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminde (nebit we gaz pudagyndan başga) ykdysadyýetiň hususy pudagynyň önümleriniň we hyzmatlarynyň paýy 66 %-den 71%-e çenli ýokarlandy. Şonuň üçin häzirki zaman ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek işini ýerine ýetirmklige telekeçiler guramalarynyň gatnaşmagy örän möhümdir we geljegi uludyr. Ykdysadyýetiň hususy pudagy tarapyndan ýurtda infrastrukturany işjeň ösdürmek maksady bilen 2020-nji ýylyň tomsunda Türkmen Logistika Assosiasiýasy (TLA) hem döredildi. Assosiasiýa agzalarynyň hukuklaryny we umumy bähbitlerini goramak, ekspeditor we logistika hyzmatlary bazaryndaky işewürligi (telekeçiligi) giňeltmek boýunça jemgyýetçilik bileleşigi bolup durýar.Birleşme 90-dan gowrak ulag we logistika kompaniýalaryny öz içine alýar we olaryň sany gün-günden artýar. Agzalaryň Assosiasiýa birleşdirilmegi olaryň ýokary hünärliligini, maliýe durnuklylygyny we telekeçilik abraýynyň ýokarydygyny tassyklaýar. Assosiasiýanyň eýýäm hyzmatdaşlygy bar bolan assosiasiýalar şulardan ybaratdyr: Halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda Halkara ýük ekspeditorlary we logistika Assosiasiýasy (Belarussiýa), Korol logistika we ulag instituty (Gazagystan), Biznes logistikasyny ösdürmek Assosiasiýasy (Özbegistan), Ukrainadaky ulag, ekspeditor guramalary, Gämi eýeleriniň sebit Assosiasiýasy we Astrahan sebitiniň (Russiýa) ýük ekspeditorlary we ulag logistika guramalary Assisiasiýasy, “Kazlogistika” (Gazagystan). Assosiasiýanyň işindäki möhüm wakalaryň biri onuň FIATA-nyň (Halakara ekspeditorçylyk assosiasiýa federasiýasynyň) agzalygyna girmegidir. Bu 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda bolup geçdi, ýagny şol gün 200-den gowrak agzanyň gatnaşmagynda FIATA-nyň umumy mejlisi gecirildi. Şeýlelik bilen, jemgyýetçilik we işewür guramalaryň ýurduň ulag we logistika gatnaşyklaryny döretmek we ösdürmek işine gatnaşmagy infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde goşmaça itergi berer we Ýewraziýa sebitinde ýeke-täk geo-ykdysady giňişligiň döredilmegine goşant goşar.
Atanepesow Baýrammuhammet Nurmuhammedowiç
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy,
Hydyrow Röwşen Batyr ogly
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Edebiýatlar:
1. https://www.railway.gov.tm
Çeşme:
"ИНТЕРНАУКА" научный журнал №10 (186)