2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda özara düşünişmek hakynda ähtnamada göz öňünde hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlaryna General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň mugallymy N.Ý. Şumowskaýa “Ulag işinde (portlar, aeroportlar) maglumat tehnologiýanyň ulanylyşy” atly temadan onlaý görnüşde umumy okuwy geçdi. Bu onlaýn görnüşdäki geçirilen umumy okuwa “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” we “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň talyp ýaşlary gatnaşdy. Mugallym ulag işini amatlaşdyrmakda maglumat tehnologiýalaryň ähmiýeti barada we häzirki wagtda zerurlygy barada talyp ýaşlarymyza beýan etdi.
Okuw bölüminiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy S.Arazbaýew