HALKARA DEŇIZ PORTUNDA TALYPLAR ÖNÜMÇILIKDE

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň talyplary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda öz ugurlary boýunça önümçilik tejribelerini geçýärler.Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynda dört hünärler boýunça talyp ýaşlary bilim alýarlar. Nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde has içgin öwrenmek maksady bilen hasap-synaglaryny doly tamamlanlaryndan soň önümçilik tejribelerini geçmek üçin okuw maksatnamasyna laýyklykda önümçilik tejribeligini öwrenýärler.

Biziň portumyzda ýolagçy, nebit önümleri we gury ýükleri daşaýan gämileriň sany köp bolup, ol gämilerde tejribesi ýokary bolan köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän gämi sürüjileriň we olaryň kömekçileriniň ýolbaşçylygynda özleriniň geljekki kärlerini öwrenýärler.

Portuň ýük terminallarynda ýörite «Portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy» hünärleriniň talyplary ýörite dürli görnüşdäki ýükleriň ýüklenilişini, ammarlarda ýerleşdirilişini we saklanylyşyny, ýörite ýükleýji maşynlarda daşalyşy, şeýle hem ürgün ýükleriň saklanyş tertibi bilen tanyşýarlar.Hormatly Prezidentimiziň logistika ulgamyna üns bermegi portda daşary ýurt firmalarynyň öndüren ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň dürli görnüşlerini, olaryň iş ukyplaryny we gurluşlaryny öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Konteýner terminallary Halkara deňiz portunyň esasy terminallarynyň biri hasaplanýar. Giňden ulanylýan konteýnerleri häzirki döwrüň logistika we ulag ulgamynda özüniň elýeterliligi we mümkinçilikleri bilen deňiz gämilerine, demir ýol we awtoulaglara ýüklemeklikde deniz porty giň mümkinçilige eýedir.

Portuň duralgalarynda 5000 DWT ýük bilen 3 gämini ýükleýiş-düşüriş işlerini amala aşyrmak mümkindir. Portuň meýdançasynda, şeýle hem konteýnerleri ýüklemek-düşürmek üçin niýetlenen kranlar ýokary hilli tehnologiýaly bolup, dürli agramly islendik konteýnerleri ýüklemäge we düşürmäge niýetlenendir. 2 sany STS kranyň oturdylmagy konteýnerleri gämiden gury ýere geçirmek maksady bilen agramy 40 tonna ýüki bolan konteýnerler üçin niýetlenen mehanizmler, şeýle hem howpsuz işlenilende berjaý edilmeýän düzgünleri bilen tanyşýarlar.

Her bir talybyň öz hünäri bilen meşgullanmagy, wagtyň geçmegi netijesinde onuň käriniň kämilleşmegine we bu babatda düşünjesiniň, aňynyň mundan beýläk hem güýçlenmegine getirýär.

Goý, şeýle mümkinçilikleri bize peşgeş beren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak we il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Baýgeldi AŞYROW, 

Ulaglar fakultetiniň SUU kafedrasynyň mugallymy.