"Halkara Bitaraplyk güni"

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar wakalar bolup geçýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny dünýä bileleşigi tarapyndan goldanýar.

“Pähim paýhas ummany- Magtymguly Pyragy” ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiligiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar.

Ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda hem Bitarapyk güni giňden bellenilýär, talyp ýaşlaryň Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsançlary alkyşlary aýdymdyr sazlarynda, goşgy setirlerinde wasp edilip halk köpçüligine ýetirdiler.

                                                                         Bayramgül Kulyýewa, Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy