Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden ägirt uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri gurulýar we döredilýär. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kompýuterler we okuw kitaplary bilen üpjün edilýär. Bu amal edilýän beýik işleriň ählisi, her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan döwrebap ösüşini, terbiýelenmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ýaşlaryň bilim derejesiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak babatda baý tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylan bilim ulgamy ýurdumyzyň şöhratly geljegini üpjün etmegiň ygtybarly ýoluny kemala getirip, bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygy boýunça täze tapgyry esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orny eýeleýär. Geçen gysga döwürde gerimi boýunça haýran galdyrýan işler durmuşa geçirildi — ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ygtybarly döwrebap hukuk binýady döredildi. «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylma, bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp baryýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durýar» diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtaýar. Ýaşlaryň ösen ylym, bilim ulgamy hem-de kämil kanunlary bolan jemgyýetde terbiýelenmeginiň, bilim almagynyň özi ýurdumyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda ýaşlardan edilýän talap ýokary. Her bir ýaş nesliň daşary ýurt dillerini bilmegi hem döwrüň talaby. Biz döwür bilen deň gadam urmakçy bolsak, onda, hökman hormatly Arkadagymyzyň bilim ulgamynda öňde goýýan wezipelerini öz wagtynda netijeli berjaý etmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary ahlak düşünjeli, edep-terbiýeli, bilimli, ylymly, ökde hünärli ýaş nesli kemala getirmegiň berjaý edilmegi, biziň öňde goýlan wezipeleri pugta berjaý edýändigimizi şertlendirýär. Häzirki wagtda islendik ýokary ýa-da orta okuw mekdeplerine baranyňda okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlarymyzy göreniňde göwnüň göterilýär, hormatly Arkadagymyzyň döwrebap bilim almaga döredýän mümkinçiliklerine bolan buýsanjyň artýar. Gündogaryň merjen şäherine öwrülen Aşgabadyň şu günki ajaýyp durkunda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylan beýik işleri göreniňde, onuň özeninde hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz zähmetiniň, pähim-parasatynyň duranlygyna bolan buýsanjyň artýar. Türkmeniň paýtagtynda amala aşyrylan beýik işleriň hem-de berkararlygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşany hökmünde şöhratly döwri alamatlandyrýan köşkler, kaşaň binalar, ylym-bilim ulgamyndaky gurlan desgalar özüniň çuň many-mazmuny bilen görenleri haýrana goýýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda, aýratyn hem, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýän mekanyna öwrüldi. Paýtagtymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň onlarçasy döredildi we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap binalar bilen üpjün edildi. Olary üstünlikli tamamlan hünärmenlerimiziň müňlerçesi häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň, medeniýetimiziň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Bilimiň ýokary hil derejesinde ösdürilmegi ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny edarakärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we tejribe-konstruktorçylyk ylmy-barlag işlerine çekmekde, dünýäniň häzirki zaman ylmy giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlaryň neslini kemala getirmekde, ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalarynyň düzümini ýaş alymlar bilen berkitmekde pugta binýady kemala getirmeklige uly ýardam edýändigi hemmämize mälimdir we guwandyryjydyr.
Ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz arzuwlaryny amala aşyrmagy we durmuş taýdan üstünlik gazanmagy üçin zerur şertleri emele getirmek Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleriniň esasyny düzýär. Goý, milli bilim ulgamyny beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Taýýarlan: Oguljan AÝNAZAROWA, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy