Golf — gyzykly we peýdaly

Golf — dünýäde millionlarça adamy birleşdirýän sport görnüşi. Ol açyk howada wagtyňy geçirmek, tebigatdan lezzet almak we oýunda ukybyňyzy ýokarlandyrmak üçin ajaýyp usul. Golf diňe bir gyzykly güýmenje bolman, eýsem ol ynsanyň fiziki hem-de psihiki saglygyna oňaýly täsir edýän sport görnüşidir.

Hünärmenleriň bellemegine görä, golf ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. Oýun wagtynda türgen arassa howaly meýdanda ýöreýär, päsgelçiliklerden geçýär, pikir etmek, netije çykarmak bilen meşgul bolýar. Bularyň hemmesi gan aýlanyşygynyň gowulaşmagyna, öýkendäki kislorodyň köpelmegine we ýüregiň güýçlenmegine getirýär. Yzygiderli golf oýnamak ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny azaldyp, onuň saglygyny uzak ýyllaryň dowamynda goldamaga kömek edip biler.

Sportuň bu görnüşi adamda deňagramlylygy, ynamly hereketjeňligi ösdürýär. Durmuşda wajyp bolan sabyrlylyk, kanagat etmek endikleri golfda üstünlik gazanmagyň esasy şertlerinden biri bolup durýar. Bu oýunda türgen tarapyndan 9 öýjük geçilende, bedende 350 kaloriýa golaý sarp edilýär. Munuň özi artykmaç agramdan dynmakda netijeli bolup bilýär.

Golf oýny psihiki saglyga oňaýly täsir edýär. Arassa howa, tebigat gözelligi gündelik aladalary ýatdan çykarmaga hem-de pursatdan lezzet almaga, arkaýynlaşmaga mümkinçilik berýär. Golf sporty ýeňil ýaly görünsede, aslynda ol çylşyrymly, agyr oýunlaryň biridir. Hünärmenleriň oýna başlamazdan öň bedeni gyzdyryjy maşklary ýerine ýetirmegi tabşyrmagy-da ýöne ýerden däldir. Golf oýny ortaça birnäçe sagat dowam edýär we bu wagtda oýunçylar uzak aralygy geçýärler, gerekli esbaplaryny daşaýarlar.

Golf oýny barada täsin we gyzykly maglumatlar bar. Häzirki zaman golf oýny XV asyrda Şotlandiýada döräpdir. Golf boýunça ilkinji ýaryş bolsa (The Open Championship) 1860-njy ýylda Şotlandiýanyň Saut-Erşir şäherinde geçirilipdir. Golf sporty 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna goşuldy. 1971-nji ýylda astronawt Alan Şepard älem giňişliginde, Aýda ilkinji golf urgusyny amala aşyrýar. Oýnuň düzgünleri 1744-nji ýylda «Company of Gentlemen Golfers» jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülipdir. 2009-njy ýylda Aziýa golf senagaty federasiýasy döredilip, onuň düzüminde 80-den gowrak iri kompaniýa bar. Türkmen halkynyň milli «çilik» oýnunyň düzgünleri häzirki zaman golf oýnunyň düzgünlerine meňzeşdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde dürli sport görnüşleri, şol sanda golf oýny hem ösdürilýär. Müňlerçe ýaşlarymyzyň, şeýle-de ýaşuly nesliň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmagy örän buýsandyryjydyr. Türkmen golfçylarynyň halkara ýaryşlarynda ýaşyl Tugramyzy belende galdyrjak günleriniň ýakyndadygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Setdarberdi REJEPBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Talyp sport klubynyň başlygy.