“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mermer paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli “Arkadagyň paýhasyndan bina bolan - ak şäherim Aşgabat” atly talyplaryň ylmy-döredijilik bäsleşiginiň hepdeligi yglan edildi.
Hepdeligiň dowamynda institutyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ugrundan okaýan talyplarynyň taslamalarynyň, şekillendiriş, landşaft dizaýny, heýkeltaraşlyk, şäher bezeginde mozaika sungaty boýunça işleriniň we Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady, Mähriban Arkadagymyzyň tutumly işlerini wasp edýän şygyrlaryň hem-de aýdymlaryň bäsleşigi ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň ilkinji gününde talyplaryň taýýarlan taslamalarynyň maketleri sergilenildi. Talyplaryň nakgaş eserlerinde süňňünden eriş-argaç bolup geçýän mermer şäherimiz Aşgabat, onuň taryhy, gurluşyklary, binagärçiligi baradaky şekiller eserleriň ählisinde mähriban Diýara, ene topraga, türkmen halkyna bolan yssy mähir inçelik bilen şöhlelendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp keşbe gelen jenneti mekanyň waspynyň döwür bilen aýakdaş ösýän milli sungatymyzda öz beýanyny tapmagy guwandyryjydyr.
Talyplaryň ylmy-döredijilik işlerinden ýaýbaňlandyrylan sergi tomaşaçylarda giň gyzyklanma döretdi we talyplar hem-de professor-mugallymlar okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.