Giriş synaglary başlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. «Çarşenbede çar tarapa» diýilýär. Halkymyzyň ynam-ygtykadynda şeýle gadyr goýulýan çarşenbe gününde ýaşlarymyzyň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem-de tolgundyryjy pursatlar başlandy. Elbetde, ak mekdebi tamamlandan soň, ýaşlaryň ilkinji arzuwlarynyň biri okuwyny dowam etdirmek — talyp bolmak. Şeýlelikde, çagalykdan kalbynda beslän arzuwyna ýetmek isleýän ýaşlar ilkinji synaglaryny tabşyrmak üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bosagasyndan ätlediler.

Häzirki wagtda ylym-bilimiň ojagy hasaplanýan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek, giriş synaglaryny tabşyrmak döwri dowam edýär. Ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerinde giriş synadlary başlandy. Olarda tamamlanan resminamalar kabul edişligi şu ýyl okuwa gelenleriň sanynyň känligini görkezýär.

2023 — 2024-nji okuw ýylynda talyplary okuwa kabul etmek boýunça döwlet synaglarynyň netijeleri esasynda ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň birnäçe bilim ojaklaryna kabul ediler. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilip, degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça geçirilýän synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar.

Ylma höwesek ýaşlarymyz ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmekde özleriniň saýlap alan hünärleri boýunça orta mekdeplerinde alan bilimleriniň esasynda ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzda hereket edýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen düzgünlere laýyklykda, dalaşgärler giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýlarynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan hem peýdalanyp bilýärler.

Ilkinji synaglary ilkinji bolup tabşyrmak Daşoguz welaýatyndaky ýaşlaryň paýyna düşdi. Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň sany bolsa geçen ýyldakydan az däl. Munuň özi talyplyk şahadatnamasyny eline almak isleýän ýaşlarymyzdan iňňän uly taýýarlygy talap edýär, olaryň ýeňil bolmadyk synaglardan geçmelidigini aňladýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda Aşgabat şäherinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-si,    4-i we 6-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 6-sy günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 11-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 12-13-i, 15-i we 17-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 16-sy we 17-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersler boýunça geçirilýär:hünär: landşaft dizaýny — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;beýleki hünärler: matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talabyny ödemekleri we tehnologiýalar dünýäsine içgin aralaşmaklary ugrunda döwletimizde uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan berilýän ylmyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda ylmyň-bilimiň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrüň talabyna esaslanýan täze hünärler döredilýär. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň göwün söýen hünärlerine ýykgyn etmeklerine, saýlap alan hünärleri boýunça kämil tejribe toplamaklaryna giňden ýardam berýär.

Biz hem dalaşgärlere uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen, olara: «Kalbyňyzda besleýän arzuwyňyz hasyl bolsun, mähriban ýaşlar!» diýýäris.


 

Aman HOJALYÝEW, 

Mirjan ŞARIPOW,

 Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymlary.