Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Buýsanç bilen bellemeli wakalaryň biri hem mähriban halkymyz Garaşsyzlyk toýuny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlaýar. Bu bolsa baýramçylyk dabaralaryny has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle ajaýyp toý joşguny bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýadymyzda bolsa, türkmen Garaşsyzlygynyň beýik waspyny ilkinjileriň hatarynda söz sungatynda beýan eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusy bolupdy: «Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn! // Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde, Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!». Şahyryň bu ajaýyp setirleri häli-häzirlerem hakydalarda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.
Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh, milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirildi. Milli ykdysadyýetimiziň, milli aňyýetimiziň ýörelgeleri, ýurdumyzyň öz döwlet syýasaty işlenip düzüldi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz, ilki bilen, öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriň bardygyna düşündi.
Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny jebislikde toýlaýar.
Goý, Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Muhammetdurdy ÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.