Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.. Gahryman Arkadagymyzyň: “Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr” diýip, buýsanç bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginde saklanylmagy milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň hem-de durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagly Serdarymyz  türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer merdana halk hökmünde bütin dünýä ykrar etdi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmekden ybaratdyr. Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary amala aşyrylýan ulag logistika strategiýasynyň esasynda goýuldy. Bu ulgamlara dünýä ylmynyň gazanan üstünliklerini we häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak esasynda demir ýol, awtomobil, howa, de­ňiz hem-de derýa üpjünçilik desgalarynyň düýpli durky täzelenýär. Dünýä belli kompaniýalaryň öndürýän ýolagçy awtobuslary, ýe­ňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa ulag ulgamyna ýurdumyzyň işjeň goşulmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli ösüşe we döredijilige gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini halkymyzyň jebis we halal zähmeti,  asuda, abadan durmuşy we dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk we ynsanperwerlik gatnaşyklary, birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgeler düzýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.

Biziň şeýle üstünliklerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Türkmen halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan hormatly  Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!


 “Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”

 kafedrasynyň mugallymy Şirin Akynyýazowa