Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy — ýaşlaryň watançylyk ýörelgesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary üçin hem, bilim ulgamynyň ähli işgärleri üçin hem gymmatly watançylyk we durmuş sapagynyň egsilmez hazynasy hasaplanýar. Bu taryhy waka bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň mysaly bolup, biz — mugallymlary, terbiýeçileri, şonuň bilen bir hatarda mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary täze üstünliklere, eziz Watanymyzyň depginli we has-da gülläp ösmegine halal, döredijilikli zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

 Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyndaky çykyşynda biziň üçin mizemez mekdep bolup hyzmat edýän merdana pederlerimiziň durmuş tejribesi bilen kemala gelen kämil ahlak gymmatlyklary, ata-babalarymyzyň jöwher zehininden dörän paýhaslary, millilige ýugrulan wesýetleri, öwüt-ündewleri ösüp gelýän ýaş nesil bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli görnüşlerinde pedagogik işgärler tarapyndan gymmatly hazyna hökmünde peýdalanylmalydyr. Şeýle parasatly sözler ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda watansöýüjiligi kemala getirmekde mukaddes ýörelgedir.

 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň umumy sapagyndaky çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň binýatlaýyn esasy bolup durýan millet hökmünde özüňi tanamak, milli kämillik we milli bitewülik ýörelgeleri baradaky taglymatyň many-mazmuny we ähmiýeti hakyndaky aýdan parasatly sözleri ýaşlaryň täze taryhy eýýamyň manysyna we maksadyna düşünmeklerinde uly orny bar.

 Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna, olaryň döwrebap bilim öwrenmeklerine hem-de ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde asylly ýörelge, aýdyň ýol boldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň bu okuw sapagyndaky çykyşyny “Watan” habarlar gepleşigi arkaly diňlänimizde şöhratly taryhymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryna we şu günümize bolan buýsanjymyz artdy. Milli Liderimiziň çuň manyly çykyşy bagtyýar ýaşlarymyzy her bir pursatda beýik menzillere ruhlandyrjakdygy şübhesizdir. 

 Alym Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndaky çykyşynda her bir ynsanyň özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydygy, zähmetsöýerligiň hazynadygy, bagtdygy, rahatlykdygy, bagtyýar we uzak ýaşamakdygy barada aýdan çuňňur pähim-parasata ýugrulan sözleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Belent maksatlara ýetmek üçin ýaşlar zähmeti özlerine hemişelik hemra edinmelidirler» diýen parasatly sözleri okuw-terbiýeçilik işlerinde, aýratyn hem tehnologiýa ylmy ugra degişli dersler, şeýle-de hünär ugurly okuwlar hem-de zähmet gurnaklar okadylanda mugallymlary okuw-terbiýeçilik işleri üçin esasy ýörelge bolmalydyr.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşy mugallymçylyk ussatlygynyň bilim işgärleri üçin görelde alarlyk ajaýyp nusgasy bolandygyny bellemek gerek. Umumy sapakdaky logiki yzygiderlilik iň ýokary ussatlykdyr. Türkmen edebi dilinde arassa beýan edilmegi bolsa ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem okuw sapagynyň şeýle ýokary ussatlyga, bilim öwretmegiň ýokary derejesine eýe bolandygyny bellemelidiris. Şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndaky taryhy çykyşyny, onuň many-mazmunyny, usulyýet aýratynlyklaryny mugallymçylyk ussatlygynyň ýokary nusgasy hökmünde şu ugurdan bilim alýan we hünär öwrenýän talyp ýaşlara — geljekki mugallymlara mukaddes ýörelgedir.

 Ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Goý, arzuwlaryň hasyl bolýan Gahryman Arkadagly, Arkadag Serdarly Watanymyzda ýaşlaryň ykbaly gülläp, gül açsyn!

Oguljan AÝNAZAROWA,

 Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň müdiri.