Gadymy medeniýetiň ojagy

   “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şöhratly wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklary jemgyýetimiziň häzirki wagtda sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy bilim ulgamynyň işgärlerini we talyp ýaşlaryny has hem begendirdi. Çünki bu kitap asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýar. Bu kitap “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar–Bagabat-Änew”, ”Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, ”Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan çuňňur manyly bolup, kitapda taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabalandyrylýar.

Halkymyzyň şöhratly taryhy döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýöl-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç, milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar.

TÜRKSOÝ bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyňyzyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Gadymy Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde tagallalarynyň, ýurdumyzyň ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmesidir.

“Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli diýarymyzyň ähli künjeklerinde ylmy maslahatlar geçirilýär. Bu ylmy maslahatlara biziň ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary we  talyplary gatnaşýar.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň akyl-paýhasyndan dörän bu kitap halkymyza şamçyrag bolsun, il-ýurt bähbitli adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!                                                

      

   Alikberowa Aýlar

 Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynda gatnawlary                                                                                                                                                                guramak we dolandyrmak hünäriniň       2-nji ýyl    

 talyby