Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen institutyň ilkinji Zenanlar guramasy halypa zenan mugallymlaryň, çeperçilik we döredijilik sungaty bilen meşgullanýan talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryna salgylanyp “NUSGALYKDYR JÜMLE – JAHANA WATAN” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede talyp gelin-gyzlaryň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda çeken suratlary, ýasan heýkelleri, döreden taslamala işleri, olarda milliligiň örän aýdyň duýulmagy ajaýyp zamananyň waspyny şekilleriň üsti bilen beýan edilmegi, şeýle hem ýerine ýetirilen işleriniň nusgasynyň döreýiş taryhy barada Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryna salgylanyp ussatlyk bilen eden çykyşlary, talyp gyzlaryň ýerine ýetiren aýdymlary bu çäräniň täsirini hasda artdyrdy. Bu ajaýyplyklary dowam etmekligi maksat edinen talyp gelin-gyzlar milliliklermize we türkmen zenanlaryna belent sarpa goýýan mähriban Arkadagymyza alkyşlary aýtmak bilen çäräni jemlediler.
G. Abaýewa , Zenanlar guramasynyň başlygy
J. Badyrowa, Diller kafedrasynyň mugallymy