ENERGETIKA PUDAGYNDA-SEBITARA HYZMATDAŞLYK

Watanymyzyň kuwwatly döwrebap energetika ulgamy tutuş halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Tebigy energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäniň iň baý döwletleriniň hataryna girýär.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigii we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 70-den gowrak wekilleri bilen  “Howanyň üýtgemegi” Durnukly energiýa üçin kynçylyklar we çözgütler “ atly halkara maslahatyna gatnaşyp, durnukly energiýa syýasatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar. Halkara maslahata “ÝB-niň Türkmenistan Durnukly Energiýa Günleriň” çäklerinde geçirilip, Türkmenistanyň energetika ministrligi, Türkmenbaşy şäher häkimligi bilen bileleikde “Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşyklary (SECCA)” atly taslamanyň we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada toplumlaýyn ýaşyl şäher ösüşi” taslamasynyň çäklerinde ýewropa bileleşigi tarapyndan guraldy.

SECCA-durnukly energetika meýdanynda sebitara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilme möhleti 48 aý bolup, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyztan, Tajigistan, we Özbegistan döwletleri  aralarynda hyzmatdaşlyk edýär.

Taslamanyň maksady Merkezi Aziýa sebitlerinde durnukly energetika balansyny formirlemäge ukyplylyk bolup durýar.

Taslamany durmuşa geçirmekde topara PAATA DJANELIDZE ýolbaşçylyk edýär.

Bu çäre energetika pudagyndaky bilermenleri, syyasatçylary, ylmy barlagçylary, raýat jemgyýetiniň, halkara guramalaryň we halkara maliýe edaralarynyň wekillerini bir ýerde jemledi.u maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Türkmenbaşy şäherindäki “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary,  şeýle-de Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bu üç günlük çäre-de biziň ýokary okuw jaýymyzyň talyplary tegelek stolyň başynda geçirilen bäsleşige gatnaşyp, özleriniň gyzykly täsirli slaýdlary bilen çykyş etdiler. Özüniň täsirli slaýdy bilen 3-nji Gämi gurluşyk hünäriniň talyby Nurgeldiýew Kerim rus dilinde çykyş etdi. Onuň çykyşy gelen myhmanlarda we mugalymlarda, talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Okuw jaýymyzyň ähli talyplary bu ugura degişli slaýdlary taýýarlamakda özleriniň goşantlaryny goşdylar.

 Çykyşlar türkmen, rus dillerinde boldy. Talyplar we mugallymlar üçin okuw sapaklary gurnalyp, ýeňijilere şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.

Gülşirin Gurjanowa

Suw ulagynyň ulanylyşy

 kafedrasynyň mugallymy