Edep bilen bagt tapylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 

“Türkmeniň Altyn Asyry” atly basleşigine

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milliliklerimizi  nesilden-nesle geçirilmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýurdunyň ykbaly ösüp gelýän ýaş nesle baglydyr. Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen baglanyşyklydyr. Çünki millilik türkmeniň asyl süňňidir. Bu günki günde türkmen maşgalasy öz perzentlerini ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, pähim parasatlarynyň esasynda terbiýeleýär. Maşgala – ynsan ömrüniň manysydyr. Maşgala  agzybirligi, abadanlygy her bir ynsanyň bagt çeşmesidir. Maşgalanyň bitewiligi, onuň jebisligi her bir ýurduň sarsmaz binýadydyr. Çünki islendik bir jemgyýet maşgaladan kemala gelýär. Maşgala kiçiräk bir jemgyýetdir. Şol jemgyýetiň berk binýatly, agzybir bolmagy bolsa maşgalanyň her bir agzasyna baglydyr. Çünki sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer maşgala ähli ugurlar boýunça ösýän halky kemala getirýär. Halkyň baýlygy ýurduň baýlygydyr. Maşgala birek-birege bolan söýgüden, hormatdan, nikadan başlanýar. Çagalaryň ata-enä bolan hormaty, olaryň önündäki borçlary, kiçileriň aýratyn hem ululara bolan sylagy ýaly türkmeniň ahlak däpleri orän köp anyk formalarda ýüze çykypdyr. Olar diňe bir ynsanperwerligiň alamaty bolman, ulularyň akyl-paýhasyna, durmuş tejribesine, bitiren we bitirjek işlerine bolan hormatyny, buýsanjyny hem aňladýar. Bu ahlak gymmatlyklaryň ýüze çykyşynyň we wagyz nesihatyň mysallaryny “Oguznamada”, “Gorkut atada”, “Keý-kowusda”, Azadynyň “Wagzy Azadynda”, Magtymgulynyň we beýleki akyldarlaryň eserlerinde öz beýanyny tapypdyr.

Ýokary okuw jaýlarynda baýramçylyklara bagyşlap “Ume” bäşleşikleri geçirilýar. Ýakynda Türkmeistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda millilik bilen baglanyşdyryp ýasuly eneler bilen duşuşyk we talyp gyzlaryň gatnaşmagynada “Ume” geçirildi. Şol ýerde talyp gyzlar bilen “Üme” üşdük. Umäniň manysyny düşündirdik. Gyz maşgalanyň gylyk-häsiýetini gözelleşdirýän, “eli çeper, hünärbaz” bolup ýetişmegine ýardam berýän türkmeniň bir terbiýe mekdebi ýörgünli bolupdyr. Bu mekdep ümeler. Üme oba ýerlerinde häzirki günlerimizde hem dowam edýär, şäher ýerlerinde-de gyz durmuşa çykarylanda sepini taýýarlamaga üýşýärler.

  “Üme” diýmek nämekä?! Üme bir gyz durmuşa çykarylanda ýa-da ýigit öýlenende, dürli toýlar tutulanda toý tutýan öýe kömek bermek niýeti bilen köpçülik bolup üýşüp, ýetişilmeýän işleri gyssagly ýetişdirmek.

         “Üme” sözi “ümi aşak” söz düzümi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Elbetde, bu barada her kim birhili garaýyşdadyr. Ümede gyzlar haýdap el işleri bilen meşgullanýarlar, her kim çalt hem gowy işlemeli, özara ýaryş guraýalar. Şeýle ýagdaýda işlejek bolsaň ümüň aşak, gözüň işiňde bolmaly, ýalt-ýult edip oturmaly däl, diýip ýaşuly eneler öwüt berýarler. Ümeler – agzybirligiň alamaty, “Agzybire Taňry berer, agzalany gaňryberer” diýilip ýönelige aýdylmandyr. “Altmyşyň agzy ala bolsa, agzyndakyny taýdyrar, altawyň (alty adamyň) agzy bir bolsa, asmandakyny gaýdyrar”, “Agzybiriň aşy bir”, “Bölüneni böri iýer”... Gör, ne ajap manyly, gunt ýaly agramly dürdäneler, elbetde, “halk aýtsa, galp aýdan däldir”.    Ümelerde gyzlar, ýowarlarda ýaş ýigitler edep-ekram sapaklaryny geçipdirler.Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri –de onuň edebidir.  Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyz öz perzentlerini süňňi halal , päk ahlakly, adamkärçilikli, watana wepaly , zähmetsöýer, ar –namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edipdirler. Türkmenlerde nesil terbiýesini pähimler üsti bilen terbiýelemek adatlary halkyň ajaýyp terbiýe mekdebiniň bir ugry bolupdyr. Tebiýe mekdebiň pähimleri her bir ynsanyň kalbynda ebedi ornaşyp, milli ýörelgä öwrülüpdir.Türkmen halkynyň nesil terbiýesiniň edep-ekram mekdebiň başlangyjynda her bir ene-atanyň aýdan sözi bilen hereketi sazlaşykly bolanda, ýaş nesli terbiýelemekde işiň netijesi bolýar. Bu barada “Kowusnama” eserinde şeýle teswirlenýär: ”Iň owadan häsiýet, gylyk edeplik bolsa, adamyň bar görkini gaçyrýan biedeplikdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde hem “Türkmen maşgalasyda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelermiz, tükeniksiz döwletiň –döwletliligiň eýesidir” diýip belleýär.  Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr . Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edilen perzendini enäniň yhlasly , bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri-beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesini, öwüt-ündewüniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsy, ol özüni dünýä indiren, jigerinden jan beren ynsanyň öňüde  indi kemala gelmeli, hemişe goramaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat jahana inen däldir. Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly  owaz ,söz hem-de saz ýokdur. Kemala  gelen  perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýäregine 

“Çaganyň sallançagyny çekýän eller dünýäni dolandyrýär”- Şu setirlerde aýdylan pähim dünýäni dolandyrmakda zenan maşgalalaryň islegini umumylaşdyryp biler.

Söhbetdeşlige gatnaşan zenanlaryň ählisi-de gaýyn-gelin gatnaşygy çygryndaky  gürrüňlerinde durmuşda gabat gelen ýagdaýlaryň mysallaryna salgylandylar. Şonda maşgala bagtyýarlygynyň maşgala agzalarynyň özara gatnaşygynda emele gelýändigi, gaýyn-gelin gatnaşygynyň bolsa maşgalanyň binýadynyň berk bolmagyndaky esasy wezipe bolup durýandygy barada aýdyldy. Gaýyn-gelin gatnaşygynda iki tarapa-da, esasan-da, gaýyn enä köp zadyň baglydygyny, iki maşgalanyň terbiýesiniň birmeňzeş bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, gaýyn enäniň gelen gelniň şol öýe garylyp gitmeginde uly orny bolup, sypaýyçylyk bilen gelni maşgala goşmak üçin tagallalaryny gaýgyrmaly däldigini nygtap geçdiler. Käbir ýagdaýlarda gaýyn eneleriň howaýy bir hereket edip, gelen gelni öýüň girim-çykymy bilen tanyşdyrmazdan, gaýtam ondan birbada köp zatlary talap edýändigi, şu ýagdaýda gelniň öz ejesinden alan terbiýesiniň ýa-da bolmasa, gyzy gaýynyndan zeýrenen halatynda durmuşda gabat gelýän kynçylyklary diňe gowulyk bilen ýeňip geçip, maşgalany abadan saklamagy barada mähriban käbesinden berilýän öwüt-ündewleriň, hoşamaý sözleriň, durmuşy mysallaryň ähmiýeti bilen maşgalada asuda durmuşyň gazanylýandygy barada öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Men bir öýiň körpe gyzy meniň durmuşymda Gaýynata, gaýynene, ýanýoldaşym hem iki sany sany gaýyn agam we eltilem, iki sany gaýyn ekejim. Durmuş birbada maňa örän düşnüksiz hem kyn göründi. Gaýynenemiň talabediji nazary, öýüň girim-çykymy baradaky berýän sapaklary, maşgalada ähli adamlaryň keşigini çekmek boýunça wezipeler- bularyň bary ilkibada howumy basmanam durmady. Men gyz perzent bolsamam, kakamy özüme has ýakyn saýardym. Durmuşa çykmaly bolmanymda kakamyň: “Hyzmatdan gaçman öwredileni alyp, özüňi tanadyp bilseň, nirede bolsaňam ýaşap  bolar” diýen sözleri, mähriban ejemiň “sabyrly bol, gaýynlaryň bilen sylaşykli bol”  diýen sözleri hemişe gulagymda ýaňlanyp, maňa teselli bolýardy. “Gaýynenem-bir enem” diýleni hakykat eken. Öz ejemden öwrenip ýetişmedik durmuş sapaklarymyň ählisi gaýynenem birkemsiz öwretdi.

   Türkmençilikde gaýyn-gelin gatnaşygynda, esasan, ýaşamagyň orny uly. Çünki ýaşmak gelni diňe bir asylly görkezmän, eýsem köp babatda sabyrlylygyň esasy çelgisidir. Erkin ösüp, keseki bir gapydan gelin bolup barmak, elbetde, islendik zenanyň sussuny basýar. Gelin bolan günümiň ertesi gaýyn enem: “Gelin, gaýyn ataň telpegi bilen öýi süpür, içmegini ýuwup ser!” diýdi. “Gaýynyň sözi gelin üçin kanun bolýandyr” diýip, ejem jan bize sargyt ederdi. Şol maksatdan gaýynenemiň buýran ýumşuna tas häzirlenipdimem welin, birdenkä içmegiň ýuwulmaýandygyny bir ýerlerde okanym ýadyma düşüp, ony üm bilen gaýynyma ýetirdim. Şol hem meni gaýyn enemiň ilkinji synagyndan alyp geçdi. Bu gaýyn-gelin gatnaşygynda sypaýyçylyk bilen talabedijiligiň bütewileşip, maşgalanyň binýadynyň berkligini üpjün edýän ýagdaýlar eken.

 On iki ýyllap ýokary okuw jaýynyň  zenanlar guramasynyň ýolbaşçysy  bolup işledim. 2018-nji “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän “ÝYLYŇ ZENANY” bäsleşigi gatnaşdym.“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin”  ugrynda Aşgabat şäheriniň ýeňijisi bolup “Ýylyň işewür zenany boldum. Şonda köp zatlara göz ýetirdim. Kähalatlarda her hili ýagdaýlara duş gelinýär. Şondan çen tutyp, maşgala agzybirligini goramakda, gaýyn-gelin gatnaşygyny pugtalandyrmakda gelen gelniň terbiýesine, onuň  ene-atasyna köp zadyň baglydygyna göz ýetirip gelýäris. Dogry, käbir gaýyn gelni öz gyzlary bilen aýrybaşgalamaýar, käbirleri aýra tutýar, käbirleri ogluny gelninden gabanýar. Nähili bolanda-da, maşgala bolaýyn, perzent  terbiýeläýin diýen niýetli gelin ähli kynçylygy, synagy ýeňip geçýär. Şonda onuň ene-atasynyň goldawynyň, öwüt-ündewleriniň netijesi görünýär. Ýene bir ýagdaý  bolýar, gelen gelin howaýy hereketler edip, gelen öýüne goşulyp gitmegiň ýerine, her hili bahanalar gözleýär. Bu ýagdaýda şol maşgalada agzalalyk döräp, täze gurlan maşgala ýa-ha özbaşdak çykmaly bolýar. Çünki gyzyň enesiniň ýetýän talaplar gyzynyň gelin bolup baran ýerine garylyp gitmegine päsgelçilik döredýär. Şonuň üçin ýaş maşgalalaryň, ýaş gyzlaryň arasynda öwüt-ündew terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň yzygider geçirilmegine köp zat bagly. Gyz maşgala el işlerini öwretmegiň, olary gadymy hünärlerimize ýykgyn etdirmegiň hem terbiýeleýjilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki el işleri gyz-gelinlerde sabyr-takady, kanagatlylygy, arassa ahlaklylygy, sylag-hormatlylygy terbiýeleýär. Munuň netijeli häsiýeti durmuşda görlüp gelinýär. El işlerine werziş gelinler badyhowalykdan saklanýar. Çünki olarda takatlylyk endigi has ber bolýar. Şonuň üçin gyzlar maşgala guranlarynda hem duş gelýän ýagdaýlardan aňsat baş çykarýar. Bu, hem, esasan, enä baglydyr. Ene gyzyndan talap edip öwretse, ol gelin bolanynda baran ýerindäki talaby özüne tanyş manyda kabul edýär. Bu agzybirligiň esasy görkezijisidir.    Zenanlar söhbetdeşligiň dowamynda köp çagaly maşgalalardaky ýagdaýlar, ýeňňe bilen baldyzyň arasyndaky gatnaşyklarda gaýyn enäniň orny barada hem özara pikir alyşdylar, durmuşy mysallara salgylanyp gürrüň etdiler. Umuman, gaýyn-gelin gatnaşygynda garaşykly, geçirimli, sylaşykly bolmagyň durmuşyň ähli çarkandygyny ýeňip geçmekde, maşgalanyň bitewüligini saklamakda, nesil dowamatynda görüm-göreldäniň, terbiýäniň gymmatyny artdyrmakda uly ähmiýetlidigi baradaky pikir öňe sürüldi. Şu mowzukda hemişe söhbetdeşlikleriň, duşuşyklaryň geçirilmeginiň ýa-da bolmasa, toý-märekelerde gyzykly gürrüňler etmegiň maşgala gatnaşyklarynda uly orun eýeläp, onuň binýadynyň has berkemegine itergi bolýandygy nygtalyp geçildi. Maşgala bagtyýarlygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler barada aýdylyp, şol aladalarda hemişe mynasyp iş bilen jogap bermäge çalyşmakda bir-birege üstünlik arzuw edildi. Zenanlar paýhasyň we wepadarlygyň , baky ene mertebesiniň we gözelligiň nusgasydyr, maşgala ojagynyň goraýjysydyr. Ýöne jemgyýetçilik meseleleriniň çözgüdinde-de, çagany we enäni kanunalaýyk goramakda-da , maşgala goltgy bolmakda-da aýallaryň tutýan orny uludyr. 

             Oguljan AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

 kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy