Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.
Bütindünýä Durnukly Ulag Gününiň yglan edilmegi, durnukly transportyň köp sanly görnüşlerini peýdalanmagy maksat edinýär. Mundan başga-da az zyňyndy transport usullarynyň kabul edilmegine, alternatiw ýangyçlaryň we energiýa tygşytlaýan ulaglaryň ulanylmagyna we sebit we dünýä derejesinde aragatnaşygyň ösdürilmegine itergi berýär. Şeýle hem bu gün öňdebaryjy tejribäni we halkara jemgyýetçiliginiň durnukly we ygtybarly global ulag ulgamyna ýetmek üçin ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny yzygiderli gözden geçirmäge kömek eder. Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan uly goşandy dünýä ykdysadyýetiniň meselelerine döwletimiziň täzeçe çemeleşýändiginiň subutnamasydyr. Bu çemeleşmeler iş ýüzünde tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşlerine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barmakda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary dünýä jemgyýetçiliginiň hem uly hormatyna mynasyp bolýar. Şu ýerde diňe bir demir ýol däl, awtoulag, deňiz, howa ýollarynyň gurnalyşy boýunça-da Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigi barada aýdyp geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Halkara polat ýollaryň, howa menzilleriniň birnäçesi guruldy we hereket edýär. Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň dünýä ähmiýeti has uludyr. Munuň özi ýurdumyzyň ulag pudagyny ösdürmegiň milli strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr.
Garaşsyz Watanymyz durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek babatda diňe bir möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça nusgalyk işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sebit ähmiýetli ulag düzümleriniň birnäçesiniň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşyklary dowam edýär. Türkmenistan demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary babatda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Ýakyn günlerde bolup geçen taryhy ähmiýetli forumlarda hem ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen baglanyşykly garaýyşlaryna uly orun berildi. Şu ýylyň 18-19-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň geçiren duşuşyklarynda ulag düzümleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. 19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny» dikeltmek strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynam bildirdi. Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan nusgalyk işleriň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinden orun alyp, ýurdumyzyň öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň Milletler Bileleşiginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy her birimizi buýsandyrýar. Watanymyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan dost-doganlyk ýollary külli adamzadyň abadançylygyny nazarlap, ýagty ertirlere ynamymyzy berkidýär.
Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly özgerişlikler bolup geçýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri has giňeýär. Täze awtomenzilleriň uly topary, şol sanda Türkmenabatda hem döwrebap awtomenzil ýolagçylara hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamy ösüşiň täze derejelerini külterleýär.
Arzygül GANDYMOWA,
Ulaglar fakultetiniň Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.