Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň tejribelik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli
üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda hem-de institutymyzyň tejribehanalarynda tejribelik okuw sapaklaryny geçýärler. Bu tejribelik okuw sapaklarynda talyplar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymlary B.Hamraýewiň hem-de N.Dinmädowyň, şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň “Howa hereketiniň dolandyrylyşy”, “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy”, “Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak” we “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” ýaly hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa ulaglary ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan Okuw merkezinde tejribe okuw sapaklary geçirildi.
Döwrebap geçirilen bu tejribe okuwlary talyplarda uly täsir galdyrdy. Bu okuwlarda talyplar ýörite hünärmenler tarapyndan okuwlar geçip, rahat uçuşlary üpjün etmek boýunça ýerüsti serişdeleri – gonuş ulgamy, radiomaýaklar, ýagtylyk arkaly signal bermek we meteorologiýa enjamlary barasynda giň düşünjeler aldylar. Fakultetiň mugallymy N.Dinmädowyň hem-de talyplar: B.Amanmämmedowyň, S.Hojaýewanyň, Ş.Udumowyň hem-de P.Sähetgurbanowyň gurnalan göçme-tejribelik okuwlary barasynda “Türkmenistan” teleýaýlymyna eden çykyşlary örän täsirli boldy.
Institutymyzyň uly mugallymy:Oguljan Aýnazarowa