Döwrebap ösüş bilim we tejribe

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji oktýabrda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Diýarymyzda ýaşlara bilim bermegiň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak barada parasatly pikirleri öňe sürdi. Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenilip, häzirki döwürde Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi, bu ugurda bar bolan şertlerden netijeli peýdalanmakda ähli tagallalaryň edilmelidigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň durmuşyň islendik ugrundan baş çykarmaklary üçin olara berilýän bilim-terbiýäniň döwrebap bolmagy, her bir mugallymyň ösüp gelýän ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi bu ulgamy kämilleşdirmegiň esasy şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýaşlar ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar, olara döwrebap, nusgawy terbiýe bermekde işler alnyp barylýar.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilim edaralaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde, olarda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda we hilini ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýe boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda fakultetleriň 7-si, kafedralaryň 21-si hereket etmek bilen, olarda 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Institutda hünärmen maksatnamasynyň 30 sany hünäri boýunça hünärmenler we bakalawr maksatnamasynyň 8 ugry boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar. Milli sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, innowasion çemeleşmeleriň işjeň ulanylmagy, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetlidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu babatda dünýä ylmynyň gazananlaryndan we tejribelerinden peýdalanmagyň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Häzirki zamanyň kämil ylmy tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge we ýaşlaryň dünýä ylmyna aralaşmaklaryna uly ýardam berýär. Munuň üçin ýurdumyzda bilim ulgamynyň ygtybarly kanunçylyk binýady döredilip, ulgamy ösdürmegiň esasy maksatlary, wezipeleri hem-de ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, möhüm kararlar kabul edildi. Munuň özi ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary aň-düşünjeli, sowatly nesiller bolup kemala gelmekleri, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki ösüşlere beslenmegi üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Ulag we kommunikasiýa ugrundan bilim alýan ýaşlara möhüm talap, uly ynam bildirilmegi ýurdumyzda bu ugurda giňden ýaýbaňlandyrylýan maksatnamalar, giň gerimli işler bilen baglydyr. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzyň çäginde iri ulag-logistika taslamalary yzygiderli amala aşyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — ýaşlary döwletimiziň mizemez geljegi hasaplap aýdan şeýle ruhubelent sözlerini diňläp, türkmen talyby hökmünde öz saýlap alan hünärime yhlasly bolup, geljekde has-da kämillige ymtylmalydygyma düşündim. Ýaşlaryň hak Howandaryna, «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, saýlap alan hünärimizi has hem kämilleşdirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin talyp ýüregimden köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, ata Watanymyz Türkmenistana baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!



 

Habib Jawadow,

Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň

4-nji ýyl talyby.