Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ösüp barýan ýaş nesli sowatly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan we erk edip bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda atalyk aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky alada ýurdumyzda uly üns merkezinde saklanylýar. Türkmen ýaşlary bu günki gün dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap öz bilimlerini artdyrýarlar. Gahryman Arkadagymyz iş sapary bilen barýan ýurtlarynda ilki bilen şol ýurtda okaýan talyp ýaşlar bilen duşuşyp olaryň okuwlary, hal-ýagdaýlary bilen gyzyklanýar. Olara okuwlaryny abraý bilen tamamlap ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini, senagatyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny tabşyrýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar beýik maksada – ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar» – diýip ýaşlaryň öňünde baş maksat goýýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere döwrebap ylym-bilim bermekde maksada okgunly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagy üçin hem ökde hünärmenleri taýýarlamakda, pudagyň ösüşini has kämil derejelere ýetirmekde, döwrebap, kuwwatly tehnikalar bilen üpjün etmekde, işgärler üçin ýokary amatlykly iş şertlerini döretmekde durmuşa geçirilýän işler hemmeleri buýsandyrýar. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasilary institutymyzda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklygy ugrunda uly aladalar edilýär. Okuw mekdebi okatmagyň ösen ylmy-innowasion tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary, internet toruna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Okuw mekdebinde hereket edýän kitaphana mugallymlaryň, talyplaryň hyzmatynda. Şeýle hem ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphananyň işi ýokary derejede ýola goýlan.
Ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen maglumatlary institutda ýörite hereket edýän okuw-tejribe hojalygynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, institutda okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar. Şu günler institutymyzyň 1-nji ýyl talyplary okuw tejribeligini, 2,3,4-nji ýyl talyplary bolsa nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik tejribede kämilleşdirýärler. Häzirki wagtda önümçilik tejribeligi dowam edýär we bu tejribelik 15-nji iýula çenli dowam eder.
Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlary öz hünär aýratynlyklaryna laýyklykda işe ýollamak wezipesi hem talabalaýyk ýola goýuldy. Uçurymlaryň işe ugradyljak ýerleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen ylalaşylýar hem-de bu babatda degişli işler geçirilýär.
Alym Arkadagymyzyň «Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň-röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar» – diýen sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, ýurdumyzy gülletjek we döwletimiziň abraý-mertebesini ýokarlandyrjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Kerim BAÝRAMOW,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň öwrenji mugallymy.