DÖWRE MYNASYP ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Okuw, terbiýeçilik we ylym maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň binýadyna dünýäniň iň döwrebap tehnologiýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ýaş nesle bilim bermegiň we hünär öwretmegiň hil derejesini ýokarlandyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýagty geljegine deňelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet, mynasyp hünärmen bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleri ylma teşne, döredijilige höwesek ýaşlary kemala getirýär.  Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ylma daýananda, olaryň köki has çuňluklara ornaýar. Ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetini ýokary hünärli inžener-tehniki işgärler bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary bilim ulgamy üçin kesgitlän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Onuň zerurlygy Türkmenistanyň batly depginler bilen senagatlaşdyrylmagy, halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesliň ylmy gözleglerini höweslendirmek hem-de goldamak, ylmy başlangyçlaryny ösdürmek, tejribesini ýokarlandyrmak, saýlap alan hünärleri boýunça bilim almagyny we halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmak ugrunda döredilýän şertleri muňa mysal hökmünde görkezip bolar.

Şol sanda ulag kommunikasiýa pudagyň işini has netijeli guramak, ýükleriň möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak ugrunda öňde goýlan wajyp wezipeler ýokary derejeli we ussat hünärmenleri talap edýär. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary insitutymyzda  hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde institutymyzda zerur bolan ähli şertler döredildi. Daşary ýurtly hünärmenleriň uzak aralykdan bilim bermek usuly arkaly okaýan leksiýalary dürli okuw binalarynda ýerleşen uly auditoriýalarda görkezilýär. Şeýlelikde, dürli fakultetleriň talyplary mugallymlara sowal bermek hem-de jogap almak, mümkinçiligine eýe bolýarlar.

Bilim ojagymyzda ulag ulgamyndaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda guramak boýunça  talyplaryň ylym we bilim derejesi artdyrylýar. Olara okuw sapaklarynda ylmy tejribe we nazaryýet arkaly giňişleýin düşünje berilýär.Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmagyna, şolar esasynda önümçiligi alyp barmagyna şert döredýär.

HEZILOW GOÇMYRAT,

 Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.