Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz we ýaş nesiller uly bagta eýe boldy. Ol bagt eziz Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp ýaşamak bagtydyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir. Çünki her birimiziň gazanýan üstünligimiz Watanymyza abraýdyr, şandyr. Yhlasly çeken zähmetimiz ata Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir.
Häzirki taryhy zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemäge, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy kämil bilýän we ony hormatlaýan şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatda zerur şertleriň hem-de möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine, şeýle-de olary goldamaga gönükdirilýär. Şoňa görä-de bu günki günde döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.
Juwan kalba ganat berýän şeýle beýik ynamy, hormat-sarpany mundan beýläk-de ödemek üçin ýurdumyzyň ýaşlary nobatdaky gurultaýda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizdiler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine esaslanýan bu çözgütler biz — ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşymyzda eýeleýän mynasyp ornumyzy has-da giňeldip, maksatnamalaýyn tutumlardaky işjeňligimizi has-da artdyrar.
Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Biz — bagtyýar ýaşlar bilimlerimizi kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Daýanç SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehaniki-tehnologiki fakultetiniň Elektrik üpjünçilik hünariniň 2-nji ýyl talyby.